12/05/2026
38
TÜRKMEN-FRANSUZ ARHEOLOGIK HYZMATDAŞLYGY: ULUGDEPE – SIWILIZASIÝALARYŇ GENJI-HAZYNASY
2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata dünýäniň 20 döwletinden, şol sanda Fransiýa Respublikasyndan 90-a golaý wekil gatnaşdy.
Maslahatyň çäklerinde institutyň professor-mugallymlary we talyplary üçin ýörite maksatnama esasynda ussatlyk sapaklary guraldy. Şol sanda asly peruly fransuz arheology, antropolog, 2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ylmy-barlag işlerini alyp barýan, Merkezi Aziýanyň gadymy siwilizasiýalary boýunça bilermeni, doktor Hulio Sezar Bendezu-Sarmiýentonyň çykyşy boldy. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi bolan alym institutyň fransuz dilini öwrenýän talyplaryna «Ulugdepe – Merkezi Aziýanyň taryhdan öňki döwrüni öwrenmekde möhüm ýadygärlik. Türkmenistanda arheologik barlaglaryň 30 ýyllygy – fransuz-türkmen arheologiýa missiýasynyň işleri» («Ulug-dépé, un site majeur pour l’étude de la protohistoire centrasiatique. 30 ans de recherches archéologiques au Turkménistan – Les travaux de la Mission archéologique franco-turkmène») atly tema boýunça giňişleýin maglumat berdi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen-fransuz medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň başy has irki ýyllarda başlapdy. 1994-nji ýylyň aprelinde Fransiýanyň Prezidenti Fransua Mitteranyň Türkmenistana amala aşyran taryhy saparynyň çäklerinde gadymy Nusaý ýadygärligine baryp görmegi we bu ajaýyplyklara beren ýokary bahasy iki ýurduň arasyndaky ylmy, medeni hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga beripdi. Bu gün bolsa, şol dostlukly gatnaşyklar Ulugdepe ýadygärligindäki bilelikdäki ylmy açyşlar bilen dowam edýär.
Sapakda alym fransuz-türkmen arheologik missiýasynyň (MAFTUR) Kaka etrabyndaky Ulugdepe ýadygärliginde alyp barýan barlaglary barada jikme-jik durup geçdi. Ol Ulugdepäniň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň iň möhüm arheologik desgalarynyň biridigini hem-de barlaglaryň netijesinde gadymy şäher gurluşygynyň we amaly-haýat sungatynyň kökleriniň edil şu ýerden gözbaş alýandygynyň subut edilendigini belledi.
Alym öz çykyşynda Ulugdepäniň diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä taryhy üçin ähmiýetini açyp görkezdi. Ol bu ýadygärligiň eýeleýän giň meýdanynyň we tapylan täsin tapyndylaryň adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerini öwrenmekde gymmatly çeşmedigini belläp geçdi.
Şeýle-de Hulio Sezar Bendezu-Sarmiýento talyplara arheologiýa ylmynyň häzirki zaman usullary, hususan-da, 3D modelirleme we genetik seljermeler barada gürrüň berdi. Ol fransuz we türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki işiniň netijesinde gazanylan üstünlikleriň dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýändigini aýratyn belläp geçdi. Ol Wiktor Iwanowiç Sarianidi, Ýegen Atagarryýew we Oliwýe Lekont ýaly görnükli alymlar bilen işleşen ýyllaryny ýatlap, olaryň başyny başlan ylmy ýoluny dowam etdirýändigini buýsanç bilen nygtady.
Sapagyň barşynda talyplar Ulugdepede tapylan we dünýäniň iň uly muzeýlerinde saklanmaga mynasyp bolan täsin artefaktlaryň suratlary bilen tanyşdylar. Talyplaryň sowallaryna berlen jikme-jik jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar sapagyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ussatlyk sapagynyň ahyrynda alym fransuz dilini öwrenýän talyplara – geljekki diplomatlara we taryhçylara ýüzlenip, milli mirasymyzy düýpli öwrenmegiň halkara medeni diplomatiýasynyň möhüm sütünidini aýratyn nygtady we ony halkara giňişliginde wagyz etmegiň ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň taryhy-medeni baýlyklarynyň heniz açylmadyk syrlarynyň kändigini aýdan doktor Bendezu-Sarmiýento täze nesilleriň bu ugurda uly açyşlary etjekdigine ynam bildirdi.
Ussatlyk sapagyna gatnaşyjylar arheologik barlaglaryň netijeleri bilen tanyşmaga we tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur sagbolsunlaryny aýtdylar.
Ogulbeg GAZAKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň fransuz dili mugallymy