05/06/2026
54
«YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkeziniň jaýynda Ylymlar güni mynasybetli «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara onlaýn ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hem- de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar. Türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlan maslahat jemi bäş sany ugur boýunça onlaýn görnüşinde geçirildi.
Maslahatda gutlag sözi bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Gurbangeldi Muhammedow, Orta Amyderýanyň sag kenaryndaky orta asyr Nawidah şäheri baradaky maglumatlar boýunça Albert Burhanow (Russiýa Federasiýasy), Howply täze döreme keselini bejermegiň täze usullary boýunça Kakajan Kömürow (Amerikanyň Birleşen Ştatlary), Atlaryň grammatik kategoriýalaryny öwretmekde dil daragtynyň ähmiýeti dogrusynda Berdi Saryýew (Türkiýe Respublikasy), Türki diller üçin tebigy dili gaýtadan işlemek gurallary boýunça Şerzad Hakimow (Germaniýa Federatiw Respublikasy), Daşary ýurt dilli çagalaryň dil we durmuş-medeni uýgunlaşmasy: mekdep attestasiýasyna taýýarlamagyň döwrebap usullary boýunça Olga Dmitriýewa (Russiýa Federasiýasy) dagylar çykyş etdiler.
Halkara onlaýn ylmy maslahatyň dowamynda öňe sürlen täzeçil pikirler, ylmy açyşlar we tejribe alyşmalar XXI asyrda ylym-bilim ulgamynyň ösüşine saldamly goşant goşar. Duşuşyk sanly tehnologiýalaryň, tebigy we ynsanperwer ylymlaryň özara utgaşmasynda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde möhüm ädim boldy. Maslahata gatnaşyjylar döwrebap ylmyň ösüşine goşýan uly goşantlary we döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Aýdogdy GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby