11/11/2026
22
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: VI MÖWSÜMIŇ II SAÝLAMA OÝNY
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň II saýlama oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda badalga berlen VI möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň II saýlama oýny «Türkmenistan we Aziýa – Ýuwaş umman sebiti: gadymyýetiň mirasyna daýanyp geljege gönügýän gatnaşyklar» atly tema bagyşlanyldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň II saýlama oýnuna Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçylary Aýnur Akgaýewa, Eziz Gutlymyradow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Baýramgül Hudaýberdiýewa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika, matematika dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Selbi Ismailowa, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gözel Maşadowa, Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýperi Wepalyýewa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Selim Ýazberdiýew dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň II saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Etnografiýa bölüminiň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Aýnabat Babaýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Bägül Annabaýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyryp öwredilýän 135-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Gözel Maşadowa hem-de Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 80-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Baýramgül Hudaýberdiýewa oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň II saýlama oýnunyň ýeňijileri we gatnaşyjylary ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby