23/04/2026
30
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
2026-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II ýarym final oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II ýarym final oýnuna Aşgabat şäheriniň 60-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurberdi Çerkezow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Medine Gulberdiýewa, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maýsa Berdigylyjowa, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Jumamyrat Orazmyradow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II ýarym final oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow, taryh ylymlarynyň kandidaty, etnograf Ajap Baýriýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow dagy ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II ýarym final oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hemaýatkärlik etdi. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň II ýarym final oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy bilen bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.