1173
Biz barada
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Ýakyn geljekde türkmen diplomatiýa gullugynyň esasyny düzmek, beýleki döwletlerde we halkara guramalarynda, daşary ykdysady gatnaşykar ulgamynda, dünýäniň maglumatlary we hukuk giňişliginde Türkmenistana wekilçilik etmek hut siziň wezipäňiz bolar. Özüňize ýüklenen jogapkärçilige mynasyp boluň, öz Watanyňyzy söýüň, oňa buýsanyň, watançylar boluň, ýöne şunda beýleki ýurtlara we halklara,olaryň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýuň. Halkara parahatçylygyny, dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna öz ýurdumyza hyzmat etmek siziň borjuňyzdyr. Bu belent ýörelgeler ýol görkeziji şamçyrag, bu gün okuwyňyzyň, ertir bolsa siziň işiňiziň esasy many-mazmuny bolmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran Permany bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty döredildi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin zerur bolan halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak institutyň öňünde goýlan esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan institutyň gurluşyna laýyklykda bu ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň 4-si hereket edýär:
— Halkara gatnaşyklary fakulteti;
— Halkara hukugy fakulteti;
— Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti;
— Halkara žurnalistikasy fakulteti.
Institutda kafedralaryň 6-sy bar:
1. Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy;
2. Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy;
3. Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy;
4. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy;
5. Dünýä dilleri kafedrasy;
6. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy.
Institut Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa, Halkara hukugy, Halkara ykdysady gatnaşyklary, Halkara žurnalistikasy boýunça ýokary bilimli hünärmenleri, taýýarlygyň Halkara gatnaşyklary, Halkara hukugy, Halkara ykdysadyýeti, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça bakalawrlary şeýle-de taýýarlygyň Sanly diplomatiýa, Seljeriş we strategik meýilleşdiriş, Gündogary öwreniş, Halkara jemagat hukugy, Halkara hususy hukugy, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrleri taýýarlaýar. Bu ýerde 2 sany ylymlaryň doktory, 6 sany ylymlaryň kandidaty, 2 sany professor, 2 sany dosent, 16 sany uly mugallym, 22 sany mugallym we 18 sany öwreniji mugallym zähmet çekýär. Iinstitutyň mugallymlary tarapyndan çap edilen kitaplaryň sany 60-e ýetip, şol sanda 44 sany okuw kitaby, 3 sany okuw gollanmasy, 5 sany monografiýa we 8 sany sözlük neşir edildi.
"Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň" geosyýasy we geoykdysady, hukuk, medeni-gumanitar ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen institutda 6 sany ugur boýunça köpçülikleýin ylmy işler hasaba alnyp, her kafedrada öz ugry boýunça Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan bellige alnan temalara laýyklykda ylmy işleri alyp barýar.
2009-njy ýyldan başlap institut öz uçurymlaryny işe ýollap ugrady. 2009-2023-nji ýyllar aralygynda uçurymlaryň 776-sy instituty tamamlap, şolaryň 113-si tapawutlanan diplomlara mynasyp boldular. Şeýle-de 2022-nji ýylda ilkinji gezek 31 sany magistr tamamlap, olardan 4 sanysy tapawutlanan diploma mynasyp boldular. Şeýle hem 2023-nji ýylda 53 sany magistr tamamlap, olardan 4 sanysy tapawutlanan diploma mynasyp boldular. Institutyň uçurymlarynyň 153 sanysy ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna (27-si institutyň özünde), hukuk goraýjy edaralaryna 82-si, Ykdysady we maliýe toplumyna 113-si, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetine, şäher we welaýat gazetleriniň redaksiýalaryna 63-si, şeýle hem 365-si dürli edara-kärhanalara işe ugradyldy. Olaryň birnäçesi Diýarymyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda işleýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda çykaran 13031-nji Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçmekleriniň tertibi hakynda Düzgünnama esasynda 2014-2019-njy ýyllar aralygynda institutyň 5-nji ýyl talyplarynyň 131-si döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçdiler.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda gol çeken 2318-nji Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy has-da kämilleşdirildi we Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi, Ýaş diplomatlaryň mekdebi hem-de Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi açyldy. 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap bakalawr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň Halkara gatnaşyklary, Halkara ykdysadyýeti, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary, magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Sanly diplomatiýa, Halkara jemagat hukugy, Halkara hususy hukugy ugurlary, 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap bakalawr maksatnamasy esasynda taýýarlygyň Halkara hukugy ugry we magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň Gündogar öwreniş, Seljeriş we strategik meýilleşdiriş, Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary açyldy.
2023-2024-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda magistr maksatnamasy
esasynda halkara ykdysadyýet taýýarlyk ugry boýunça ilkinji gezek talyplara
bilim berlip başlanar.