Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi
    18/02/2024

    2782

    Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi

    2024-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenildi. Baýramçylyk dabaralarynyň aglabasy milli diplomatiýamyzyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Dabaralara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
    Hormatly myhmanlar, ilki bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasyna şaýat boldular. Onuň dowamynda ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň geljekde alyp barjak işleri bilen tanyşdyryldy. Soňra baýramçylyk dabaralaryna gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan sergä, şeýle-de institutymyzdaky durky täzelenen muzeýe aýlanyp gördüler. Sergide ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlary, halkara guramalaryň durmuşa geçirýän amallary, ýaş türkmen diplomatlaryny taýýarlamakda alnyp barylýan işler şöhlelendirildi.
    Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat öz işine başlady. Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtaba Ali Mardan Rouzbehani, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luiji Ferrari, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmet Demirok çykyş etdiler.
    Çykyşlarda Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň halkara gatnaşyklardaky orny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy abadançylyga gönükdirilen başlangyçlary dogrusynda aýratyn bellenilip geçildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
    Soňra hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlaryny «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşany bilen hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärlerini we Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Ministrligiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
    Dabaralar tamamlanandan soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli kabul edişlik çäresi guraldy. Kabul edişlikden soňra myhmanlar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanylan baýramçylyk konsertine tomaşa etdiler.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenportal.com/tm/blog/74198
    https://turkmenportal.com/tm/blog/74196
    https://turkmenportal.com/tm/photoreport/74187/turkmenistanda-diplomatik-ishgarlerin-guni-bellenilyar
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/80534/bitarap-turkmenistanyn-parahatcylyk-dorediji-syyasaty-we-diplomatiyasy
    https://turkmenistaninfo.gov.tm/news/3937
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/80587/wladimir-kadyrow-turkmenistanyn-ussat-diplomaty

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI