20/11/2026
44
ITALIÝA RESPUBLIKASYNDA MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda Italiýa Respublikasynyñ Rim şäherinde Italiýanyň Aziýa instituty (ISIA) tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy we halkara hukugynyň ösdürilmegi meselelerine bagyşlanan «Häzirki geosyýasy ýagdaýda halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly maslahaty geçirildi.
Çäräniň esasy maksady häzirki geosyýasy şertlerde halkara hukugynyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmakdan, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň çäginde pikir alyşmakdan ybaratdyr.
Maslahatda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Çäräniň çäginde türkmen wekillerinden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew onlaýn formatda çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň hukuk esaslary we halkara hukugynyň ösüşine goşýan goşandy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Selbi TÄŞLIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby