19/11/2026
86
«Açyk gapylar daşary ykdysady syýasaty» atly okuw-usuly seminary geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen okuw-usuly seminar geçirildi. Seminara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy.
Okuw-usuly seminarda institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Annamyrat Altyýew ««Açyk gapylar daşary ykdysady syýasaty» strategiýasy daşary ýurtlardan göni maýa goýumlaryny çekmek üçin ynamly binýatdyr» atly tema boýunça çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda döwletimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň halkara maýadarlar üçin amatly hukuk we ykdysady şertleri döredip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini belledi. Şeýle hem, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýurdumyza täze tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy halkara tejribäniň gelmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine we önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagyna uly itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.
Seminaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tema degişli özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap aldylar.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy