12/11/2026
7
«GADYMY ÄNEW MEDENIÝETI» ATLY YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýakynda hereket edýän «Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň agzalary bilen Türkmenistanyň taryhy boýunça «Gadymy Änew medeniýeti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ýaş nesillerde watançylyk we ynsanperwerlik häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen geçirilen ylmy-amaly maslahatyň dowamynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary hem-de «Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň işjeň agzalary bolan talyp ýaşlar çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmekde ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda beýan edilýän taryhy maglumatlara salgylanyp, ýurdumyzda ak bugdaýyň Watany bolan Änew şäheriniň öwrenilişi, eneolit we bürünç eýýamlaryna degişli Änew depelerinde R.Pampellininň, W.Massonyň hem-de W.Sarianidiniň geçiren arheologik barlaglary, Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň ähmiýeti, XV asyrda bina edilen Seýit Jemaleddin metjidiniň öwrenilişi hem-de Parfiýanyň Gatar şäheri barada gymmatly taryhy maglumatlar dogrusynda ylmy esasda gürrüň berdiler.
Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda talyp ýaşlar gadymy Änew medeniýetine we Türkmenistanyň şöhratly taryhyna degişli özlerini gyzyklandyrýan soraglary boýunça özara pikir alyşdylar.
Güljahan AMANBERDIVEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy