25/11/2026
7
Emeli aň we žurnalistika bagyşlanan ylmy-usuly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda “Emeli aň we žurnalistika” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň professor-mugallymlary we Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymlary Mähriban Gandymowa, Miwe Nabatowa we talyplar Aýsona Amanjaýewa, Ajapsoltan Atamuradowa çykyş etdiler. Ylmy-usuly maslahatda KHBS-de emeli aňyň orny, ony dogry ulanmagyň ähmiýeti, maglumatlary seljermekde we halkara gatnaşyklaryndaky ýüze çykmalarda emeli aňyň ulanylyşyny öwrenmek, mümkinçiliklerini seljermek barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem çykyş edenler žurnalistikada emeli aňyň häzirki zaman mümkinçiliklerinden peýdalanan täsirli wideo şekilleri görkezdiler.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşanlar emeli aň we žurnalistika boýunça özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogaplary aldylar. Sorag-jogaplara, pikir alyşmalara baý bolan maslahat örän täsirli geçdi.
Ogulnar GARRYGULOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby