26/11/2026
85
«Halkara medeni diplomatiýada dünýä dilleriniň wezipesi: global kommunikasiýa we «ýumşak güýç» strategiýalary» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara medeni diplomatiýada dünýä dilleriniň wezipesi: global kommunikasiýa we «ýumşak güýç» strategiýalary» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Duşuşyga institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri we talyplary gatnaşdylar. Ylmy-döredijilik maslahaty institutyň Dünýä dilleri kafedrasy tarapyndan guraldy.
Maslahatyň esasy maksady häzirki zaman global kommunikasiýa şertlerinde halkara medeni diplomatiýanyň we «ýumşak güýç» strategiýalarynyň durmuşa geçirilişinde dünýä dilleriniň, köpdilliligiň, edebi mirasyň hem-de terjime sungatynyň wezipesini ylmy-nazaryýet we döredijilik taýdan açyp görkezmekden ybarat boldy. Çykyşlarda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, ynsanperwer we medeni diplomatiýasynyň halklaryň arasynda özara ynanyşmagy, medeni ýakynlaşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Maslahatyň ylmy tapgyrynda «ýumşak güýç» strategiýalarynyň dil medeniýetiniň esaslary, halkara medeni diplomatiýada köpdilliligiň we terjime takyklygynyň wezipesi, sanly giňişlikde medeni aragatnaşygyň dil aýratynlyklary, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmakda medeni-taryhy konteksti we gelip çykyş çeşmeleri ulanmagyň usullary boýunça mazmunly çykyşlar diňlenildi.
Duşuşygyň döredijilik tapgyrynda talyplar milli we dünýä edebiýatynyň nusgalaryndan dürli dillerde çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler, edebi terjime nusgalaryny seljerdiler hem-de dünýä dilleriniň simwollary, aýtgylar we milli-medeni gymmatlyklar bilen bagly prezentasiýaly çykyşlar edildi. Bu çykyşlar geljekki halkaraçy diplomatlaryň, hukukçylaryň, ykdysatçylaryň we žurnalistleriň dil taýýarlygynyň, çeper söz sungatyna bolan höwesiniň we köpdilli giňişlikde erkin aragatnaşyk saklamak başarnygynyň ýokarydygyny görkezdi.
Maslahatyň ahyrynda pikir alyşmalar guraldy, tapawutlanan ylmy we döredijilik çykyşlar bellenildi we daşary ýurt dillerini okatmakda medeni diplomatiýa materiallaryny hem-de döredijilik usullaryny mundan beýläk-de giňden ulanmak boýunça teklipler öňe sürüldi.
Annagül HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy