06/05/2026
54
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
2026-njy ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň final oýny üstünlikli geçirildi. Akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýnunyň temasy «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» diýlip atlandyryldy.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda badalga berlen V möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Möwsümiň saýlama test synagyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy gatnaşdy. Bu bolsa akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görkezýär. Bäsleşigiň V möwsümi 7 sany saýlama, 2 sany ýarym final oýunlaryndan, şeýle-de jemleýji final oýnundan ybarat boldy.
Bäsleşigiň final oýnuna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy
Aýhan Arslanow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa, Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 130-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Pena Şamyradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew dagy gatnaşdylar.
Bäsleşigiň final oýnuna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew, Türksoý halkara guramasynyň Türki dünýäsiniň arhitektorlar we inženerler birleşmesiniň agzasy, Arhitektura ylymlarynyň kandidaty Oguljeren Hajyýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy
Toýly Hommyýew dagy adalatly eminlik etdiler.
Final oýny tamamlanandan soňra, institutymyzyň mejlisler zalynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine institutymyzyň degişli Diplomlary hem-de medallar, bäsleşigiň hemaýatkärleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan taýýarlanylan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baş baýraga mynasyp bolan ýaş çapara bäsleşigiň Göçme kubogy gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň final oýnunyň netijeleri şeýle kesgitlendi:
3-nji orna Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Humaý Daňatarowa;
2-nji orna Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Aýhan Arslanow;
1-nji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow;
Baş baýraga hem-de Göçme kuboga Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kerim Döwletow mynasyp boldy.
Sylaglaýyş dabarasyndan soňra, bäsleşigiň dessury boýunça ýeňiji bolan ýaş çaparlar parahatçylygyň nyşany hasaplanylýan ak kepderileri institutyň baş binasynyň öňünde asuda asmana uçurdylar. Bu pursat Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri gazanmagynyň tarapdary» diýip aýdan sözlerini hakydaňda janlandyrýar. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň ähmiýetini barha artdyrýar.
Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň ýörite Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary diplomatiýa hünärine ugrukdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän netijeli taslamalaryň biridir. Bäsleşigiň üstünlikli geçirilen dört möwsüminiň netijelerine laýyklykda, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanmagy başaran ýaş çaparlaryň 37-si häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde ýokary bilim alýarlar.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň V möwsüminiň final oýny Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Bäsleşik ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby