21/10/2026
32
«PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: VI MÖWSÜMIŇ I SAÝLAMA OÝNY
2026-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň I saýlama oýny geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, institutyň düzüminde hereket edýän Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda badalga berlen VI möwsümi «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we adamzat ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly umumy şygar astynda geçirilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalarynyň artmagyna uly goşant goşýar. Möwsümiň ilkinji saýlama oýny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy — ýurt abadançylygynyň we pajarlap ösüşiň uçar ganatlary» atly tema bagyşlanyldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň I saýlama oýnuna Aşgabat şäheriniň iňlis dili we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Arzygül Agöyliyewa, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Döwran Rozyýew, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 12-nji synp okuwçysy Atajan Tagandurdyýew, Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Seýli Ýakubowa, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Nurmuhammet Ýazmuhammedow, Daşoguz welaýatynyň Dașoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Ogulnäzik Ýusupowa dagy gatnaşdylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň I saýlama oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Begenç Karaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, taryh ylymlarynyň kandidaty Serdar Ataýew, Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiya ylymlarynyň doktory Gurbangül Guzuçyýewa dagy adalatly eminlik etdiler.
Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Kakajan Şöhradow hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Döwran Rozyýew oýunda ýeňiş gazanmagy başardylar.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň VI möwsüminiň I saýlama oýnunyň ýeňijileri we gatnaşyjylary ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutymyzyň Hormat hatlary gowşuryldy.
Mähri DURDYNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby