06/11/2026
23
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň orunbasary Idzisu Satosi bilen institutyň rektory Gülşat Ýusupowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon dilini okatmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşykdan soň hormatly myhman türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, institutyň okuw studiýasy hem-de “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby bilen tanyşdyryldy. Gezelenç myhmanda ýakymly täsir galdyrdy. Bu çäre iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde we diplomatik tejribe alyşmakda möhüm ädim boldy.
Aýlar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby