22/10/2026
1229
FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek, şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykdan soňra hormatly myhman institutyň okuw studiýasyna aýlanyp gördi. Bu duşuşyk we gezelenç hormatly myhmanda ýakymly täsir galdyrdy.
Arzuw MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
06/11/2026
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK
13/07/2026
NETIJELI GEÇEN DUŞUŞYK