05/11/2026
27
«TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ KARARLARY: DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BINÝADY» ATLY YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY
2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary: durnukly ösüşiň binýady» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Ylmy-döredijilik maslahatynyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekdäki, durnukly ösüşiň binýadyny berkitmekdäki hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdaky möhüm ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada aýratyn nygtaldy.
Çykyşlarda bellenişi ýaly, täze taryhy döwrümizde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet we halk bähbitli öňde goýlan wezipeler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetimizde we ýurdumyzda eýeleýän ornunyň uludygyny nobatdaky gezek tassyklaýar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ilatymyzyň abadan, asuda we sagdyn durmuşyny üpjün etmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Dawut GEZEROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby