06/06/2026
26
BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda «6-njy iýun – A.S.Puşkiniň doglan güni, Bütindünýä Rus dili güni we Birleşen Milletler Guramasynyň Köpdillilik Kararnamasynyň kabul edilmegi» mynasybetli «Русский язык и культурная идентичность» atly okuw maslahaty hem-de utgaşykly çeper-döredijilik çäresi geçirildi. Bu çärä institutyň 1-nji we 2-nji ýyl talyplary işjeň gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň ylmy böleginde ilki bilen Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ş.Diwangulyýew Birleşen Milletler Guramasynyň Köpdillilik Kararnamasynyň kabul edilmegi we medeni özboluşlylygyň ähmiýeti barada çykyş etdi. Soňra rus diliniň häzirki zaman dünýäsindäki we diplomatik gatnaşyklardaky orny baradaky çykyş diňlenildi. Çäräniň intellektual böleginde her fakultetden toparlaryň arasynda guralan ýörite beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň ömri we baý döredijilik ýoly barada sowal-jogap bäsleşigi geçirildi. Dabaranyň çeperçilik gurluşynda ýokary okuw mekdebiniň zehinli talyplary dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry A.S.Puşkiniň galamyna degişli bolan goşgy setirlerini uly çeperçilik bilen okap berdiler. Şeýle hem talyp ýaşlaryň çeperçilik başarnyklaryny görkezýän teatrlaşdyrylan gysgajyk sahna oýny guralyp, talyplar tarapyndan beýik şahyryň «Balykçy we balyk» ertekisinden bir parça janlandyryldy.
Dürli ylmy bäsleşikleri we döredijilikli çykyşlary öz içine alan bu çäre talyplarda daşary ýurt dillerini, hususan-da dünýä edebiýatynyň baý medeniýetini has çuňňur öwrenmäge, dil başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge bolan höwesini we gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.
Maýa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy