Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    09/06/2026

    61

    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýdyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda pikir alyşmalar görnüşinde Ýaşlar maslahaty geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
    Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen, 1996-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy (CTBT) kabul edildi. Bu taryhy resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän we ony halkara derejesinde durmuşa ornaşdyrýan esasy edara bolsa CTBTO (Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy) bolup durýar. CTBTO-nyň iň uly üstünlikleriniň biri onuň Halkara monitoring ulgamydyr (IMS). Dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 300-den gowrak stansiýalary arkaly ýer ýüzünde islendik ýadro synagyny iň gysga wagtyň içinde we ýokary takyklyk bilen anyklamak mümkindir.
    Maslahaty Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň işgäri Hanym Suhara Widjewardane alyp bardy. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa giriş sözi bilen çykyş etdi.
    M.Bäşimowa öz çykyşynda bu maslahatyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sebitleýin ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde geçirilýändigini belläp geçmek bilen, bu şertnamanyň geçen otuz ýylyň dowamynda ählumumy parahatçylygy, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy berkitmekde hem-de ylmy hyzmatdaşlygy we halkara howpsuzlygy ösdürmekde iň möhüm gurallaryň biri bolandygyny nygtady. Şeýle hem, Türkmenistanyň özüniň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen baky Bitaraplyk derejesine esaslanyp, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki we ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk ugrundaky halkara tagallalary yzygiderli goldaýandygyny aýratyn belleýär. Ol öz çykyşynda ýaşlaryň bu ugurdaky ornuna aýratyn baha berip, olaryň dünýäde parahatçylyk pikirlerini öňe sürýän esasy güýçdigini aýtdy.
    Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlar bilen Merkezi Aziýa ýaşlarynyň arasynda sorag-jogap görnüşinde pikir alyşmalar geçirildi. Onuň dowamynda Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew bilen Merkezi Aziýa ýaşlarynyň arasynda Şertnamanyň häzirki döwürdäki ähmiýeti, ýadro synaglaryndan azat dünýäni gurmakda täze nesliň öňünde durýan wezipeler we olaryň bu ugurdaky şahsy garaýyşlary barada giňişleýin söhbetdeşlik guraldy. Pikir alyşmalaryň dowamynda Şertnamanyň gol çekileninden bäri geçen otuz ýylyň dowamynda bütin dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmekdäki uly orny barada durlup geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýadro synaglarynyň ählumumy howpsuzlygyna ýetirýän täsiri boýunça özleriniň şahsy çemeleşmeleri bilen birlikde, ýaş nesli ýadro synaglaryny gadagan etmek, ony ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak meseleleri ýaly parahatçylykly ugurlara çekmek boýunça özleriniň tekliplerini hem paýlaşdylar.
    Maslahatyň ahyrynda hormatly myhmanlar bu çäräniň özlerinde ýakymly täsir galdyrandygyny bellediler. Olar institutyň talyp ýaşlarynyň syýasy bilimleriniň ýokarydygyny, häzirki zaman halkara gatnaşyklary ulgamyna we global meselelerine çuňňur gyzyklanýandyklaryny nygtadylar hem-de geljekki halkaraçy hünärmenlere uly üstünlikleri arzuw etdiler.

    Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY surady

    09/06/2026

    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi surady

    03/06/2026

    Žurnalistikada emeli aňyň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI