13/11/2026
74
HALYPA DIPLOMAT BILEN GEÇIRILEN OKUW MASLAHATY
2026-njy ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň guramagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamalary: halkara hukukda türkmen Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň kepili hökmünde” atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa institutymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň dowamynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ussat diplomaty, syýasy ylymlaryň doktory, professor Aksoltan Ataýewa çykyş etdi. Öz çykyşynda halypa diplomat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen we birnäçe taryhy kararnamalar bilen berkidilen halkara-hukuk ýagdaýyna eýedigini belledi. Mundan başga-da, halypa diplomat Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň çäginde kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi.
Maslahatyň ahyrynda talyp ýaşlar halypa diplomata beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we oňa özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredýär.
Begenç GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby