12/11/2026
23
HALKARA GORAGY WE RAÝATSYZLYK BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (UNHCR) Merkezi Aziya boýunça wekilhanasynyň hünärmenleri Hanifa Kariminiň we Balžan Oşakbaýewanyň ýurdumyza iş saparynyň çäginde okuw sapagy geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Serhet institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagy halkara goragy we raýatsyzlyk meselelerine bagyşlandy. Ol 1951-nji ýylyň Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy baradaky Konwensiýanyň 75 ýyllygy we 1961-nji ýylyň Raýatsyzlygy azaltmak hakyndaky Konwensiýanyň 65 ýyllygy mynasybetli guraldy. Hünärmenler bosgunlaryň halkara goragynyň hukuk esaslary, raýatsyzlygyň öňüni almak we ony azaltmak ugrunda UNHCR-yň alyp barýan işleri barada talyplara maglumat berdiler.
Okuw sapagyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyran soraglary berip, Türkmenistanyň UNHCR bilen hyzmatdaşlygy we onuň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar. Okuw sapagy talyplar üçin täsirli boldy.
Mälikberdi ÇERKEZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby