05/06/2026
28
DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan okuw seminary geçirildi. Institutyň talyplary üçin guralan bu çäre global howa ulgamlary baradaky düşünjäni çuňlaşdyrmaga we durnuklylyga eltýän netijeli ýollary öwrenmäge gönükdirildi.
Seminaryň dowamynda institutyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň utgaşdyryjysy Nazar Meredow hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramaga we durnukly ösüşe gönükdirilen halkara başlangyçlary barada çykyş etdi. Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar «Climate Interactive» we MIT (Massaçusets tehnologiýa instituty) Sloan Durnuklylyk başlangyjy tarapyndan işlenip düzülen, çylşyrymly onlaýn modelirleme guraly bolan «En-ROADS Climate Solutions Simulator» bilen tanyşdylar. Talyplar energiýa üpjünçiligi, ýerlerden peýdalanmak, ulag we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak bilen baglanyşykly syýasy we tehnologiki çözgütleriň planetamyzyň geljegine nähili täsir edip biljekdigi barada pikir alyşdylar.
Talyplar subutnamalara esaslanýan çözgütleri kabul etmekde we ulgamlaýyn pikirlenmekde tejribe topladylar, bu bolsa daşky gurşawy goramak boýunça hereketleri goldamak we gepleşikleri geçirmek üçin zerur bolan möhüm endikleri ele almaga ýardam berdi.
Gülaýym BAKYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby