Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
        • PRESENTATION COMPETITION WAS HELD
    • International cooperation
      • Meetings
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
        • SCIENTIFIC-PRACTICAL CONFERENCE WAS HELD
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Explanatory Dictionary of Magtymguly / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II) surady
    23/06/2023

    970

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II)

    Akyl dagytmak – ser. Akylyny almak.

    Gelse, aklym dagydar, gitse kararym ýok meniň,

    Gamzasy ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam (Aşyk bolmuşam).

    Akyl etmek – pikirlenmek, oýlanyp netije çykarmak.

    Akyl et jahanyň raýyn, röwşün,

    Ygtybar etmegin dünýä duruşyn,

    Magtymguly, ýagşy görerdi işin,

    Kyrkyndan soň jahyl bolsa adamzat (Adamzat).

    Akyl eýlemek – ser. Akyl etmek.

    Magtymguly boýun goýgul bu emre,

    Mala meşgul bolup, galmagyl gümra,

    Ýüz ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,

    Akyl eýläň, niçik işdir, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).

    Akyl gapysy bent bolmak – pikirlenip-oýlanyp bilmezlik, akyllybaşly netije çykarmagy başarmazlyk.

    Magtymguly, bentdir akyl gapysy,

    Dert bolupdyr, iliň-günüň ýapysy,

    Zeberdest pirleri, işan-sopusy,

    Telpek geýmiş, peşler aglar halyma (Läşler aglar halyma).

    Akyl käsesi boş bolmak – akmak, nadan.

    Dost tutma köp ýaşly adam kösesin,

    Baryn ýok diýp, boş görkezer kisesin,

    Biribar boş etse aklyň käsesin,

    Ne peýda daşyndan bezemek bilen (Gezemek bilen).

    Akyl sözün sözlemek – ser. Akyl hazynasyn açmak.

    Aryp, akyl  sözün sözlär,

    Namart-pisat daşyn gözlär,

    Çöle çykyp, maýa bozlar,

    Torum göze ilmeginçä (Söz manysyn bilmeginçä).

    Akyldan aýrylmak – ser. Akylyny aldyrmak.

    Jan, jeset, dil, akyldan aýrylyp, galdym urýan,

    Iş geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi (Birýana boldum imdi).

    Akyl-huş daş düşmek – ser. Akylyny aldyrmak.

    Pelek, sen hem bir dem aman eýlegil,

    Biz nadan ýesire döwran eýlegil,

    Magtymguly, arma, dessan eýlegil,

    Akyl-huş daş düşer, senden dil geçer (Il geçer).

    Akyl-huşdan aýrylmak – ser. Akylyny aldyrmak.

    Gider boldy iller mundan har galyp,

    Mertler wepat boldy, aglap ýar galyp,

    Magtymguly, zürýadyndan zar galyp,

    Akyl-huşdan, sakal-saçdan aýryldy (Huşdan aýryldy).

    Akyl-huşdan geçmek – aň-düşünjeden, paýhasdan aýrylmak.

    Söweşde mert başdan geçer,

    Namart akyl-huşdan geçer,

    Bedew segräp, läşden geçer,

    Ýaby inmez gan ugraşsa (Ynsan ugraşsa).

    Akyly-huşy gitmek – beýhuş bolmak, özüňi ýitirmek.

    Eslim, Baba Selman buýurdy merde,

    Pyýalany tutup, saldylar derde,

    Gitdi akyl-huşum, ýatdym şol ýerde,

    «Arşda-ferşde ne bar, görgül!» diýdiler (“Turgul” diýdiler).

    Akyl-huşuň haýran bolmak – geň galmak, haýsydyr bir işiň manysyna düşünip bilmän haýran galmak.

    Barly ölse, uly ile ýaýrandyr,

    Garyp ölse, onuň yzy weýrandyr,

    Bu işlere akyl-huşuň haýrandyr, Gömülipdir şeýle ýoly ýekäniň (Ýekäniň).

    Akyl-huşuna ýetişmek – akyllanmak, kämilleşmek, akyl taýdan kemala gelmek.

    Akly-huşuňa ýetişdiň, eýlediň seýrany sen,

    Istär idiň jem edem, bu külli Eýrany sen (Ölmesden burun).

    Akyl ýitirmek – peýdasyz pikire gitmek, akmaklyk etmek, akylyňy aldyrmak.

    Allany unudyp, aklyň ýitirme,

    Her nepes ägä bol, gaflat getirme,

    Bihuda, bipeýda ömrüň ötürme,

    Dünýä bakasyzdyr, aýan görüner (Güman görüner).

    Akyly uçmak – ser. Akyly-huşy gitmek.

    Gudratyndan düşüp köp uly pirler,

    Daglar ýykylypdyr jünbüşläp ýerler,

    Akyllar uçupdyr boş galyp serler,

    Bir gudrat göterip çaldy diýdiler (Saldy diýdiler).

    Al etmek – aldamak, hile gurmak, mekirlik etmek.

    Dostlar, bil baglamaň köne dünýäge, Bu dünýä bazygär, biliň, al eder.

    Özüni taşlaýyr derýa düýbüne,

    Alar janyň, sözlär tiliň lal eder (Al eder).

    Albaý bulamak – aldap, mekirlik edip çagyrmak, hile bilen haýsydyr bir işe çekmek, imrindirmek.

    Ýetilmemiş şunkarym, gamyş ganat ak türpek,

    Dünýä meni taýdyrdy, bir ýanym etdi gurpak,

    Pelek albaýyn bular, tartar, gan goýmaz torpak... (Bilmezmiň).

    Aldan-allara düşmek– aldanmak, hilä sezewar bolmak.

    Imdi, köňlüm, bu dünýäni söýmegil, Ynanmagyl, ýagşy mah-u sallara.

    Akyl erseň, her bir söze uýmagyl,

    Söze uýan düşer aldan-allara (Mah-u sallara).

    Alkyş almak – köpüň hormatyna mynasyp bolmak, şanyňa gowy sözleriň, ýagşy arzuw-islegleriň aýdylmagy.

    Ýagşy söze gulak salgyl,

    Säher wagty bidar bolgul,

    Ýagşylardan alkyş algyl,

    Ömrüň artyp, zyýat galsyn (Abat galsyn).

    Alkyş okamak – şanyna gowy arzuw-islegleriň, alkyş sözleriniň aýdylmagy.

    Pynhan syryn aýan eýläp, Pyragy diýdi derdini,

    Illerim alkyş okaýar, bildim, derde dermandyr (Dünýäden).

    Alnyna gelmek – kimdir birine eden erbet işiňe, ýamanlygyňa özüň hem sezewar bolmak.

    Bir guruhy hynzyr bolup gezerler,

    Bir guruhy maýmyn bolup azarlar,

    Bir guruhy kör-ker bolup gezerler,

    Etmişi alnyna gelse gerekdir (Magşarnama).

    Alnynda bent gurmak – päsgelçilik döretmek,  öňüni beklemek.

    Bulanyp ýöreýen ne ajap siller,

    Alnynda bent gurar, ösdürmez ýeller,

    Kesmez akyl, söz sözleşmez bu diller,

    Pelek urup, gözel suhan göterler (Duman göterler).

    Aly açylmak – guran hilesi başa barmazlyk, syry açylmak, paş bolmak.

    Neýleýin eý dostlarym, ganym döker zalym meniň,

    Bilmenem men haýsy ýerde açylar alym meniň (Dalym meniň).

    Aman diýmek – rehim etmegini soramak, boýun egmek.

    Gara görüp, duşman diýseň,

    Her ýetene merdan diýseň,

    Namart − görip, aman diýseň,

    Aman-nurbaty bellidir (Gaýraty bellidir).

    Aman eýlemek – boşatmak, goýbermek.

    Zemin ýüzün syýa duman eýlediň,

    Diýgil pelek kimi aman eýlediň, Pyragyny, bak, biiman eýlediň,

    Namysym imanym — Azadym kany? (Azadym kany?).

    Aman galmak – sag-salamat galmak, haýsydyr bir howpdan zyýan çekmezlik, zeper görmezlik.

    Seniň bilen şat bolup gürleşenler ýok eken,

    Jan ýerine pul berip galyşanlar ýok eken,

    Aman galdym diýişip, begenşenler ýok eken, (Pany dünýäniň).

    Amana gelmek – boýun egmek, päliňden gaýtmak, düzelmek, ýuwaşamak.

    Mert bolar men diýseň, merde hemra bol, Namart merdi görse, amana geler.

    Zar kylar men diýseň, aha gulak sal,

    Baýguş uzak uçmaz, weýrana geler (Amana geler).

    Anbar saçmak – hoşboý, ýakymly ys bermek.

    Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,

    Gargyşa, nazara giriftar bolmaz,

    Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz   

    Daýym anbar saçar güli türkmeniň (Türkmeniň).

    Ara düşmek – 1.Haýsydyr bir işiň arasyna goşulmak, gürrüňiň arasyny bölmek. 2. Dawa-jenjele, uruş-sögüşe ýol bermezlik

    üçin araçy bolmak, oňuşdyrmak, ýaraşdyrmak (Magtymgulynyň aşakdaky bendinde birinji manyda ulanylypdyr).

    Haky ýada salsaň, Hakdan gorkyňa,

    Şeýtan ara düşer, goýmaz erkiňe,

    Guba juwan, guwanmagyl görküňe,

    Gojalar sen, görküň ýüze myhmandyr (Göze myhmandyr).

    Arman çekmek – gaty gynanmak, ökünmek, ahmyr etmek.

    Görenleriň gözi doýmaz, görmegen arman çeker,

    Roýuna maýyl bolup men, tütünim asman çykar...(Bar meniň).

    Armanly bolmak – ser. Arman çekmek.

    Aýra düşüp, gam çeken, garabagt hana aýt,

    Dünýäden armanly bolgan ol pahyr perwana aýt (Aýt).

    Arş içre mekan tutmak – asmanda, gökde mesgen tutan, şöhraty giňden ýaýran, äleme belli.

    Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir dillerim,

    Arş içre mekan tutan ajap dessanym bar meniň (Bar meniň).

    Aryny almak – ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin edilýän hereket, bir zat üçin öwez almak.

    «Eger meniň sözüm bawer kylmasaň,

    Şol zalymdan meniň arym almasaň,

    Men garyp men, maňa gamhor bolmasaň,

    «Dawagärim siz» diýp aýtdy, dostlar heý (Çakyr kelle).

    Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk – asly, ata-babasy nähili bolsa, bu hem şonuň ýaly bolar, aslyna çekmek.

    Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

    Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

    Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

    Ýüwrügi çamana satyjy bolma! (Gidiji bolma).

    Aslyňdan geçmezlik – ata-babalaryň däp-dessuryndan dänmezlik, milli ýörelgelerden çykmazlyk, atalaryň ýoly bilen ýöremek.

    Ýaman bolsaň asylarsyň boýnuňdan,

    Halklar bizar bolar çyn-u oýnuňdan,

    Geçmegil aslyňdan, dänme diniňden,

    Senadan aýyrma diliň, adamzat (Bagla biliň adamzat).

    Asy bolmak – günäkär bolmak, günäli.

    Asy bolup ýüwir sen, köp güle-güle bu dem,

    Azap çekip ýatar sen ýeriň astynda bidem... (Enede bizi).

    Aş dökmek – halka aş-nan bermek, açlary doýurmak, sadaka bermek.

    Bedewi tanymaz har bakan-beslän,

    Jomardy il tanar, adyly − diwan,

    Aty meýdan tanar, hümmeti − myhman,

    Jomart ogly supra ýaýyp, aş döker (Daş döker).

    Latest News

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI