Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II) surady
    23/06/2023

    975

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II)

    Anbar saçmak – hoşboý, ýakymly ys bermek.

    Gapyl galmaz, döwüş güni har bolmaz,

    Gargyşa, nazara giriftar bolmaz,

    Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz   

    Daýym anbar saçar güli türkmeniň (Türkmeniň).

    Ara düşmek – 1.Haýsydyr bir işiň arasyna goşulmak, gürrüňiň arasyny bölmek. 2. Dawa-jenjele, uruş-sögüşe ýol bermezlik

    üçin araçy bolmak, oňuşdyrmak, ýaraşdyrmak (Magtymgulynyň aşakdaky bendinde birinji manyda ulanylypdyr).

    Haky ýada salsaň, Hakdan gorkyňa,

    Şeýtan ara düşer, goýmaz erkiňe,

    Guba juwan, guwanmagyl görküňe,

    Gojalar sen, görküň ýüze myhmandyr (Göze myhmandyr).

    Arman çekmek – gaty gynanmak, ökünmek, ahmyr etmek.

    Görenleriň gözi doýmaz, görmegen arman çeker,

    Roýuna maýyl bolup men, tütünim asman çykar...(Bar meniň).

    Armanly bolmak – ser. Arman çekmek.

    Aýra düşüp, gam çeken, garabagt hana aýt,

    Dünýäden armanly bolgan ol pahyr perwana aýt (Aýt).

    Arş içre mekan tutmak – asmanda, gökde mesgen tutan, şöhraty giňden ýaýran, äleme belli.

    Aýdadyr Magtymguly, asal ermişdir dillerim,

    Arş içre mekan tutan ajap dessanym bar meniň (Bar meniň).

    Aryny almak – ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin edilýän hereket, bir zat üçin öwez almak.

    «Eger meniň sözüm bawer kylmasaň,

    Şol zalymdan meniň arym almasaň,

    Men garyp men, maňa gamhor bolmasaň,

    «Dawagärim siz» diýp aýtdy, dostlar heý (Çakyr kelle).

    Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk – asly, ata-babasy nähili bolsa, bu hem şonuň ýaly bolar, aslyna çekmek.

    Ýagşylardan hergiz çykmaz ýamanlyk,

    Asly ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,

    Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,

    Ýüwrügi çamana satyjy bolma! (Gidiji bolma).

    Aslyňdan geçmezlik – ata-babalaryň däp-dessuryndan dänmezlik, milli ýörelgelerden çykmazlyk, atalaryň ýoly bilen ýöremek.

    Ýaman bolsaň asylarsyň boýnuňdan,

    Halklar bizar bolar çyn-u oýnuňdan,

    Geçmegil aslyňdan, dänme diniňden,

    Senadan aýyrma diliň, adamzat (Bagla biliň adamzat).

    Asy bolmak – günäkär bolmak, günäli.

    Asy bolup ýüwir sen, köp güle-güle bu dem,

    Azap çekip ýatar sen ýeriň astynda bidem... (Enede bizi).

    Aş dökmek – halka aş-nan bermek, açlary doýurmak, sadaka bermek.

    Bedewi tanymaz har bakan-beslän,

    Jomardy il tanar, adyly − diwan,

    Aty meýdan tanar, hümmeti − myhman,

    Jomart ogly supra ýaýyp, aş döker (Daş döker).

    Aşyna awy gatmak – biriniň durmuşyny bulamak, parahat durmuşyny bozmak, jebir-sütem etmek.

    Habarsyz geler sen, ýaka tutar sen,

    Ýagşy eýläp, ýaman eýläp öter sen,

    Bir gün aşymyza awy gatar sen,

    Owwal aldap biýr sen baly, dünýä, heý (Saly, dünýä, heý).

    Aşa awy goşmak – ser. Aşyna awy gatmak.

    Zulum ýagar başlaryňa,

    Awy goşar aşlaryňa,

    Munda eden işleriňe,

    Hasap bermeli dünýä sen (Dünýä sen).

    Aşna kylmak – dost tutmak, ýakyn hemra, gadyrdan etmek.

    Çün giderde bendeleri öwlüýä kylgyl, Huda,

    Külli ymmaty günäden bigüna kylgyl, Huda,

    Nury-imana hemmäni aşyna kylgyl, Huda... (Muhammet Mustapa).

    At etmek – şöhrat gazanmak, abraý almak, adyňy  ýaýmak.

    Bäş gün köňül hoş etmäge,

    Supra ýaýyp, nan dökmäge, Abraý alyp, at etmäge,

    Gollarynda bar gerekdir (Ýar gerekdir).

    At gazanmak – şöhrata, abraýa eýe bolmak, halkyň arasynda tanalmak.

    At gazanar goç ýigidiň, Owwal bedew aty gerek.

    Gelene garşy durmaga,

    Ýagşy muhabbeti gerek (Aty gerek).

    At goýmak – çapyp, ýortup gitmek, okdurylmak, ylgap gitmek.

    At araby bolsa, meýdanyn gözlär,

    Ýigit goçak bolsa, uruşdan sözlär,

    Duşmana at goýsa, gaýtarmaý ýüzler,

    Ol ýigit harbasy − ýaýy-tir olur (Mir olur).

    At tutmak – ýatlanylmak, agzalmak, gürrüňi edilmek.

    Hijran yraga atylsa,

    Öldürerler, gurt tutulsa,

    Magtymguly, at tutulsa,

    Ozal dessan ýazan geler (Ozan geler).

    Ata çykmak – atlanmak, ata münmek,  söweşe ugramak.

    Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,

    Ykballar ters gelmez, Hakyň nurudyr,

    Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,

    Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň (Türkmeniň).

    Awa çapmak – aw awlamaga höwesli bolmak, awuň ugrunda gezmek, aw üçin ylgamak.

    Almaz guşlar awa çapmaz,

    Hünärsiz öz syrtyn ýapmaz,

    Märekede orun tapmaz,

    Akly-kemaly bolmasa (Döwleti-maly bolmasa).

    Awdan galmak – aw edip bilmezlik,  güýç-kuwwaty bolmazlyk.

    Garry güýçden galar, ýigitler huşdan,

    Saýýat awdan galar, laçynlar guşdan... (Ýaşlar içinde).

    Aýaga galmazlyk – dikelmezlik, öňki kaddyna gelmezlik, öňküsi ýaly bolmazlyk.

    Çöken göwre gaýdyp aýaga galmaz,

    Ýuwudar bu zemin holtumy dolmaz,

    Ne gözel bolsa-da, gadyry bolmaz,

    Hüýr periler ol uýatdan aýrylsa (Hyratdan aýrylsa).

    Aýagna baş goýmak – kömek islemek, haraý gözlemek, özüňi gurban etmek, özüňi bagyş etmek.

    Kämil aýagna baş goý, ýalançydan el göter,

    Toba kylyp, bir piriň topragna bulan, köňlüm (Köňlüm).

    Aýagy inmek – aýagy ýetmek, aýagynyň baran ýeri.

    Başy baryp çykmyş Arşyň üstüne, Aýagy inmişdir ýeriň astyna,

    Janly, jansyz, her ne gelse destine,

    Dannamaý, agzyna atyp durupdyr (Utup durupdyr).

    Aýak basmak – ujundan girmek, başlamak, bir ýaşdan beýleki ýaşa gitmek.

    Magtymguly, gitdiň dünýä köýüne,

    Jahyllykda köňül goýduň oýuna,

    Imdi aýak basdyň otuz öýüne,

    Göz ýaşy saçylar çagdyr bu çaglar (Çagdyr bu çaglar).

    Aýaklaşma etmek – mal öldürilende aýakma-aýak paýlaşmak, maly dörde bölüp paýlaşmak.

    Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil, Burunkydan galan kepiller sepil.

    Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,

    Aýaklaşma edenlere baş bolmaň (Baş bolmaň).

    Aýbyny açmak – kemçiligini äşgär etmek, paş etmek, ýetmezçiligini ile ýaýmak.

    Magtymguly, dili otly, ot saçar,

    Ýüz görmez, näkesiň aýbyny açar,

    Alla ganat berse, Hindistan uçar,

    Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi (Ajap eýýam gelmedi).

    Aýy-Güni batmak – 1. Aýyň-Günüň  ýaşmagy. 2. Ölmek, kazaň dolmak.

    Bezirgenler yrak ýolun unutdy,

    Söwdagärler malyn yza uzatdy,

    Aýlar-Günler batdy, zarlap daň atdy,

    Yns-jyns tartyp arman, Çowdur han (Çowdur han).

    Azabyny reýgan eýlemek – eden zähmetini puja çykarmak, çekilen zähmetiň biderek bolmagy.

    Gaýgy-gamda eziz ömrüm solduryp, Şum pelek azabym reýgan eýledi.

    Ýazan kitaplarym sile aldyryp,

    Gözlerim yzynda girýan eýledi (Reýgan eýledi).

    Azar salmak – birahat etmek, horlamak, ynjytmak, ynjalyk bermezlik.

    Pelek bize azar salar,

    Göz ýaşyma güzer salar,

    Nesip eýläp, nazar salar,

    Ol jemalyň mahtap bolar (Sogap bolar).

    3*

    Azm urmak – haýbat atmak, gazaplanmak, birine gaharlanmak.

    Gaçyp gutulmar sen, kowup ýeterler,

    Azm urup, çalyp, ýaka tutarlar,

    Bir daban zemine läşiň atarlar,

    Gara ýere teniň garyp baradyr (Tutup baradyr).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI