02/03/2026
47
BÄSLEŞIKLERIŇ JEMLERI JEMLENDI
2026-njy ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň we «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnagynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni we institutyň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli «Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň üstünlikleri» hem-de Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň gurnamagynda «Ahalteke bedewi – Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi» atly ähli fakultetleriň talyplarynyň gatnaşmagynda prezentasiýa bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.
Bäsleşikleriň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şygaryny wasp etmekden, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň üstünliklerini talyp ýaşlaryň arasynda wagyz etmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça tapawutlanan talyplara institutyň Ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2025
Ylma goýulýan hormat