19/06/2026
28
GALKYNYŞLY GÜNLERIŇ ÝAŞ ALYMY
Ylym diýmek — durnukly ösüşiň, baky bagtyýarlygyň we kämillige barýan ýoluň şamçyragydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ylmyň we bilimiň derejesi täze belentliklere göterilýär. Ine, şeýle taryhy döwürde ýaşlaryň ylmy-döredijilik başlangyçlaryny goldamak maksady bilen geçirilen ýaş alymlaryň bäsleşiginde ýeňiji bolmak bagty maňa hem nesip etdi. Bu ýeňiş meniň kalbymda dörän iň wepaly duýgularyň — ýürek buýsanjynyň, egsilmez galkynyşyň we uly jogapkärçiligiň nyşanydyr.
2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşige gatnaşmak we onda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara arbitraž we işewürlik hukugynyň magistranty hökmünde ýeňiji bolmak miýesser etdi. Şu günki gazanan ýeňşim meni täze ýyllaryň, täze ylmy gözlegleriň we has uly maksatlaryň sepgidine tarap ruhlandyrýar. Ýaş alym hökmünde saýlap alan ugrum boýunça amala aşyrýan ylmy işlerimiň geljekde Watanymyzyň durnukly ösüşine, halkara derejesindäki abraýynyň has-da berkemegine we dünýä ylmyna goşant bolmagyny arzuw edýärin. Sebäbi biziň borjumyz — döwletimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine mynasyp jogap berip, ylmyň iň döwrebap ugurlarynda täze açyşlary etmekdir.
Biz ýaşlara ylmyň çylşyrymly hem-de gyzykly ýollary bilen buýsançly öňe gitmäge döwrebap şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Babajan ROZYBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara Arbitraž we Işewürlik hukugy ugrunyň magistri
Soňky täzelikler
13/06/2026
ÝAŞLARYŇ YLMY ÜSTÜNLIGI
12/06/2026
BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!