767
T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (A-II)
Akyl dagytmak – ser. Akylyny almak.
Gelse,
aklym
dagydar, gitse kararym ýok meniň,
Gamzasy
ok, gaşlary ol ýaýa aşyk bolmuşam (Aşyk
bolmuşam).
Akyl etmek – pikirlenmek, oýlanyp
netije çykarmak.
Akyl
et jahanyň raýyn, röwşün,
Ygtybar
etmegin dünýä duruşyn,
Magtymguly,
ýagşy görerdi işin,
Kyrkyndan
soň jahyl bolsa adamzat (Adamzat).
Akyl eýlemek – ser. Akyl etmek.
Magtymguly
boýun goýgul bu emre,
Mala
meşgul bolup, galmagyl gümra,
Ýüz
ýyllyk tetärik bäş günlük ömre,
Akyl
eýläň, niçik işdir, ýaranlar (Keçdir, ýaranlar).
Akyl gapysy bent bolmak –
pikirlenip-oýlanyp bilmezlik, akyllybaşly netije çykarmagy başarmazlyk.
Magtymguly,
bentdir
akyl
gapysy,
Dert
bolupdyr, iliň-günüň ýapysy,
Zeberdest
pirleri, işan-sopusy,
Telpek
geýmiş, peşler aglar halyma (Läşler aglar
halyma).
Akyl käsesi boş bolmak – akmak,
nadan.
Dost
tutma köp ýaşly adam kösesin,
Baryn
ýok diýp, boş görkezer kisesin,
Biribar boş etse aklyň käsesin,
Ne
peýda daşyndan bezemek bilen (Gezemek
bilen).
Akyl sözün sözlemek – ser. Akyl hazynasyn açmak.
Aryp, akyl
sözün sözlär,
Namart-pisat
daşyn gözlär,
Çöle
çykyp, maýa bozlar,
Torum
göze ilmeginçä (Söz manysyn bilmeginçä).
Akyldan aýrylmak – ser. Akylyny aldyrmak.
Jan,
jeset, dil, akyldan aýrylyp, galdym urýan,
Iş
geldi, başa düşdi, merdana boldum imdi (Birýana
boldum imdi).
Akyl-huş daş düşmek – ser. Akylyny aldyrmak.
Pelek,
sen hem bir dem aman eýlegil,
Biz
nadan ýesire döwran eýlegil,
Magtymguly,
arma, dessan eýlegil,
Akyl-huş
daş düşer, senden dil geçer
(Il geçer).
Akyl-huşdan aýrylmak – ser. Akylyny aldyrmak.
Gider
boldy iller mundan har galyp,
Mertler
wepat boldy, aglap ýar galyp,
Magtymguly,
zürýadyndan zar galyp,
Akyl-huşdan, sakal-saçdan aýryldy (Huşdan aýryldy).
Akyl-huşdan geçmek – aň-düşünjeden,
paýhasdan aýrylmak.
Söweşde
mert başdan geçer,
Namart akyl-huşdan geçer,
Bedew
segräp, läşden geçer,
Ýaby
inmez gan ugraşsa (Ynsan ugraşsa).
Akyly-huşy gitmek – beýhuş bolmak,
özüňi ýitirmek.
Eslim,
Baba Selman buýurdy merde,
Pyýalany
tutup, saldylar derde,
Gitdi
akyl-huşum, ýatdym şol
ýerde,
«Arşda-ferşde
ne bar, görgül!» diýdiler (“Turgul”
diýdiler).
Akyl-huşuň haýran bolmak – geň
galmak, haýsydyr bir işiň manysyna düşünip bilmän haýran galmak.
Barly
ölse, uly ile ýaýrandyr,
Garyp
ölse, onuň yzy weýrandyr,
Bu
işlere akyl-huşuň haýrandyr, Gömülipdir şeýle ýoly ýekäniň (Ýekäniň).
Akyl-huşuna ýetişmek – akyllanmak,
kämilleşmek, akyl taýdan kemala gelmek.
Akly-huşuňa
ýetişdiň, eýlediň seýrany
sen,
Istär
idiň jem edem, bu külli Eýrany sen (Ölmesden
burun).
Akyl ýitirmek – peýdasyz pikire
gitmek, akmaklyk etmek, akylyňy aldyrmak.
Allany
unudyp, aklyň ýitirme,
Her
nepes ägä bol, gaflat getirme,
Bihuda,
bipeýda ömrüň ötürme,
Dünýä
bakasyzdyr, aýan görüner (Güman görüner).
Akyly uçmak – ser. Akyly-huşy gitmek.
Gudratyndan
düşüp köp uly pirler,
Daglar
ýykylypdyr jünbüşläp ýerler,
Akyllar
uçupdyr boş galyp serler,
Bir
gudrat göterip çaldy diýdiler (Saldy
diýdiler).
Al etmek – aldamak, hile gurmak,
mekirlik etmek.
Dostlar,
bil baglamaň köne dünýäge, Bu dünýä bazygär, biliň, al eder.
Özüni
taşlaýyr derýa düýbüne,
Alar
janyň, sözlär tiliň lal eder (Al eder).
Albaý bulamak – aldap, mekirlik
edip çagyrmak, hile bilen haýsydyr bir işe çekmek, imrindirmek.
Ýetilmemiş
şunkarym, gamyş ganat ak türpek,
Dünýä
meni taýdyrdy, bir ýanym etdi gurpak,
Pelek albaýyn
bular, tartar, gan goýmaz torpak... (Bilmezmiň).
Aldan-allara düşmek– aldanmak, hilä
sezewar bolmak.
Imdi,
köňlüm, bu dünýäni söýmegil, Ynanmagyl, ýagşy mah-u sallara.
Akyl
erseň, her bir söze uýmagyl,
Söze uýan düşer aldan-allara (Mah-u sallara).
Alkyş almak – köpüň hormatyna mynasyp bolmak, şanyňa gowy sözleriň,
ýagşy arzuw-islegleriň aýdylmagy.
Ýagşy
söze gulak salgyl,
Säher
wagty bidar bolgul,
Ýagşylardan
alkyş
algyl,
Ömrüň
artyp, zyýat galsyn (Abat galsyn).
Alkyş okamak – şanyna gowy
arzuw-islegleriň, alkyş sözleriniň aýdylmagy.
Pynhan
syryn aýan eýläp, Pyragy diýdi derdini,
Illerim
alkyş
okaýar, bildim, derde dermandyr (Dünýäden).
Alnyna gelmek – kimdir birine eden
erbet işiňe, ýamanlygyňa özüň hem sezewar bolmak.
Bir
guruhy hynzyr bolup gezerler,
Bir
guruhy maýmyn bolup azarlar,
Bir
guruhy kör-ker bolup gezerler,
Etmişi
alnyna
gelse gerekdir (Magşarnama).
Alnynda bent gurmak – päsgelçilik
döretmek, öňüni beklemek.
Bulanyp
ýöreýen ne ajap siller,
Alnynda bent gurar, ösdürmez ýeller,
Kesmez
akyl, söz sözleşmez bu diller,
Pelek
urup, gözel suhan göterler (Duman
göterler).
Aly açylmak – guran hilesi başa
barmazlyk, syry açylmak, paş bolmak.
Neýleýin
eý dostlarym, ganym döker zalym meniň,
Bilmenem
men haýsy ýerde açylar alym meniň (Dalym
meniň).
Aman diýmek – rehim etmegini
soramak, boýun egmek.
Gara
görüp, duşman diýseň,
Her
ýetene merdan diýseň,
Namart
− görip, aman diýseň,
Aman-nurbaty
bellidir (Gaýraty bellidir).
Aman eýlemek – boşatmak, goýbermek.
Zemin
ýüzün syýa duman eýlediň,
Diýgil
pelek kimi aman eýlediň, Pyragyny, bak, biiman eýlediň,
Namysym
imanym — Azadym kany? (Azadym kany?).
Aman galmak – sag-salamat galmak,
haýsydyr bir howpdan zyýan çekmezlik, zeper görmezlik.
Seniň
bilen şat bolup gürleşenler ýok eken,
Jan
ýerine pul berip galyşanlar ýok eken,
Aman
galdym diýişip, begenşenler
ýok eken, (Pany dünýäniň).
Amana gelmek – boýun
egmek, päliňden gaýtmak, düzelmek, ýuwaşamak.
Mert
bolar men diýseň, merde hemra bol, Namart merdi görse, amana geler.
Zar
kylar men diýseň, aha gulak sal,
Baýguş
uzak uçmaz, weýrana geler (Amana geler).
Anbar saçmak – hoşboý, ýakymly ys
bermek.
Gapyl
galmaz, döwüş güni har bolmaz,
Gargyşa,
nazara giriftar bolmaz,
Bilbilden
aýrylyp, solup, saralmaz
Daýym anbar
saçar güli türkmeniň (Türkmeniň).
Ara düşmek – 1.Haýsydyr bir işiň
arasyna goşulmak, gürrüňiň arasyny bölmek. 2. Dawa-jenjele, uruş-sögüşe ýol
bermezlik
üçin araçy bolmak, oňuşdyrmak,
ýaraşdyrmak (Magtymgulynyň aşakdaky bendinde birinji manyda
ulanylypdyr).
Haky
ýada salsaň, Hakdan gorkyňa,
Şeýtan
ara
düşer, goýmaz erkiňe,
Guba
juwan, guwanmagyl görküňe,
Gojalar
sen, görküň ýüze myhmandyr (Göze
myhmandyr).
Arman çekmek – gaty gynanmak,
ökünmek, ahmyr etmek.
Görenleriň
gözi doýmaz, görmegen arman çeker,
Roýuna
maýyl bolup men, tütünim asman çykar...(Bar
meniň).
Armanly bolmak – ser. Arman çekmek.
Aýra
düşüp, gam çeken, garabagt hana aýt,
Dünýäden
armanly
bolgan ol pahyr perwana aýt (Aýt).
Arş içre mekan tutmak – asmanda,
gökde mesgen tutan, şöhraty giňden ýaýran, äleme belli.
Aýdadyr
Magtymguly, asal ermişdir dillerim,
Arş
içre mekan tutan ajap
dessanym bar meniň (Bar meniň).
Aryny almak – ýetirilen zyýanyň
öwezini dolmak üçin edilýän hereket, bir zat üçin öwez almak.
«Eger
meniň sözüm bawer kylmasaň,
Şol
zalymdan meniň arym almasaň,
Men
garyp men, maňa gamhor bolmasaň,
«Dawagärim
siz» diýp aýtdy, dostlar heý (Çakyr
kelle).
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk –
asly, ata-babasy nähili bolsa, bu hem şonuň ýaly bolar, aslyna çekmek.
Ýagşylardan
hergiz çykmaz ýamanlyk,
Asly
ýaman bolsa, çykmaz ýagşylyk,
Aslyga dartadyr ýüwrük, çamanlyk,
Ýüwrügi
çamana satyjy bolma! (Gidiji bolma).
Aslyňdan geçmezlik – ata-babalaryň
däp-dessuryndan dänmezlik, milli ýörelgelerden çykmazlyk, atalaryň ýoly bilen
ýöremek.
Ýaman
bolsaň asylarsyň boýnuňdan,
Halklar
bizar bolar çyn-u oýnuňdan,
Geçmegil
aslyňdan, dänme diniňden,
Senadan
aýyrma diliň, adamzat (Bagla biliň
adamzat).
Asy bolmak – günäkär bolmak,
günäli.
Asy
bolup ýüwir sen, köp
güle-güle bu dem,
Azap
çekip ýatar sen ýeriň astynda bidem... (Enede
bizi).
Aş dökmek – halka aş-nan bermek,
açlary doýurmak, sadaka bermek.
Bedewi
tanymaz har bakan-beslän,
Jomardy
il tanar, adyly − diwan,
Aty
meýdan tanar, hümmeti − myhman,
Jomart
ogly supra ýaýyp, aş döker (Daş döker).