1414
T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
Köňlüni
awlamak – ser. Köňlüni almak.
Köňül awlaýyn diýp ugrasam her ýan,
Dawadyr, döwüşdir, käýiş tapar jan,
Aýdylmaz nesihat, okalmaz Gurhan,
Jana ýakar edep-erkan tapylmaz (Döwran tapylmaz).
Köňlüni
baý etmek – ruhlandyrmak, hoş sözler bilen galkyndyrmak.
Magtymguly, garyp köňlün baý edip,
Kanagat ülkesin bende jaý edip,
Her kim öz ýaryny dogan Aý edip,
Aýyn gözlär, başga Aýa seretmez (Mala seretmez).
Köňlüni
ynjatmak – närazy etmek, öýkeletmek, ynjatmak.
Köňlün ynjydyp halkyň,
Hoşnut etseň öz hulkuň,
Rum, Pereň bolsa mülküň,
Heniz «azdyr», kän gerek (Don gerek).
Köňlüňi
haýra baglamak – peýdaly, haýyrly işler etmäge çalyşmak, niýetiňi-päliňi gowy
zatlara gönükdirmek.
Zynhar, kast etmegil iýdigiň nana,
Köňlüň haýra bagla, sydkyň – imana,
Hiç azar bermegil bir musulmana,
Ogry ärden, bir dogry it ýagşydyr (Söhbet ýagşydyr).
Köňlüňi
bent eýlemek – göwnüňi eýelemek, göwnüňden turmak, ýaramak.
Köňlüňi bent eýleýip, özüňi perwaz eýleýir,
Bir peri pynhan oturmyş, «Gelme» diýp, näz eýleýir,
Ol peri-peýker sypatly ýary gördüm – şondadyr (Şondadyr).
Köňlüňi
bire baglamak – belli bir pikire, karara gelmek, gutarnykly netijä gelmek.
Kyrkyňda toba eýläp, bir mürşide gol biýr sen,
Köňlüňi bire baglap, eziz Suhana geldiň (Nahana geldiň).
Köňlüni
giň etmek– rahatlandyrmak, teselli bermek, ynjaltmak, arkaýynlaşdyrmak.
Tenim dertli kylma, özümi gallaç,
Köňlüm giň et, goýma aj-u ýalaňaç,
Zalyma duş etme, namarda mätäç,
Gam mende goýmagyl, ýa, Züljelalym (Ýa, Züljelalym).
Köňlüň geçmek –
kimdir biri ýa-da bir zat hakynda öňki edýän pikirleriňden dänmek, tamaň
ödelmezlik, garaşanyň çykmazlyk.
Magtymguly many saçar,
Her kim söz lezzetin içer,
Bara-bara köňül
geçer,
Täsibi ýok, arsyz ärden (Kararsyz ärden).
Köňlüňi
saklamak – pikiriňi, niýetiňi haýsydyr bir işi etmekden saklamak, saklanmak.
Yşk derýasy joşar geler sakadan,
Köňlüňi saklagyl ýaman wepadan,
Ajal geler, tutar bir gün ýakadan,
Sagyňa, soluňa baka bilmez sen (Çyka bilmez sen).
Köňli açylmak – şatlanmak, şähdi
açylmak, gaýgysy aýrylmak.
Köňül açylar, jem bolar, Bir-bire ynsan ugraşsa.
Huş gider, akyl kem bolar,
Dil bilmez haýwan ugraşsa (Ynsan ugraşsa).
Köňül baglamak – ynanmak, razylyk
bermek, özüňi bagyşlamak.
Bir mürşit etegin tutsam, aglasam,
Yşk oduna jany-jismim daglasam,
Sydky-dilden Haka köňül
baglasam,
Kyýamat zaýyrdan bir sag ýetişse (Ýetişse).
Köňül
bermek – ser. Göwün bermek.
Myhman bolduň bu dünýäniň öýüne,
Köňül berip gitme onuň küýüne,
Başyň baglap, meşgul eder oýuna,
Gitseň bermez, aldap gezer dil bile (Ýel bile).
Köňül bossany – göwün, pikir, hyýal dünýäsi.
Ýok ýerden jan berip, ýetirdi nany,
Köňül bossanynda biter imany,
Adyň bende bolsa, Eýäňi tany,
Gelip, saňa ýüzbe-ýüz hem bolmasa (Duz hem bolmasa).
Köňül
gopmak – biynjalyk bolmak, rahatlygyňy ýitirmek, galagopluk tapmak.
Ol ki ruhsaryň görüp, köňül gopdy sen ýara,
Jan bermeý gutulmak ýok, hiç oňa imkan, eý, dost (Set jan, eý, dost).
Köňül
goýmak – ser. Köňül bermek.
Magtymguly, gitdiň dünýä köýüne, Jahyllykda köňül
goýduň oýuna,
Imdi aýak basdyň otuz öýüne,
Göz ýaşy saçylar çagdyr bu çaglar (Çagdyr bu çaglar).
Köňül
gözgüsine bakmak – göwnüni, kalbyny, pikirini bilmek.
Bak, köňül gözgüsine, janana nazar eýle.
Ybrat gözüni açyp, jahana nazar eýle... (Nazar eýle).
Köňül
gözgiň zeň bolmak – göwnüňde erbet pikirleriň döremegi, häsiýetiň erbetlige
üýtgemegi.
Hozuň daş postuny, azergun güli,
Suwun saça çalsaň, gara reň bolar.
Içiň şerden sakla, gybatdan dili,
Saklamasaň köňül
gözgiň zeň bolar (Gara reň bolar).
Köňül gözgüsi – göwnüň aýnasy,
göwün, kalp.
Şeraban-tahurdan kime jam bolar,
Köňül gözgi kimin nur-enwer bolar,
Dünýä ýedi başly ýalmawuz bolar,
Gaçanlar gutulmaz bu belalardan (Biwepalardan).
Köňül
guşy perwaz urmak – göwnünde oňat zatlary beslemek, arzuw-hyýalda, umyt-islegde
bolmak.
Jylawdary bolam Ýazyr han piriň,
Köňül guşy perwaz urar pakyryň,
Bu gün ýedi gündür, «Alhamd» okyryn,
Şat eýle köňlümi, goýber, Azadym! (Oglum–Azadym).
Köňül guşy telwas urmak –
hyýallanmak, joşmak, galkynmak.
Magtymguly aýdar:
galmyşam çohdan,
Köňül guşy telwas urar yrakdan,
Her ýerde saglygym iste ol Hakdan,
Doga kylyp, Haka ýalbar, Azadym! (Oglum–Azadym).
Köňül guşy uçmak – arzuw, umyt
etmek, isleg bildirmek.
Hassalar gutular, garry gutulmaz,
Bu derde hiç kimden çäre ýetilmez,
Köňül guşy uçar gider tutulmaz,
Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar (Garrylykdyr ýaranlar).
Köňül hyýaly galkmak – göwnüň göterilmek, ruhlanmak,
şatlanmak.
On bäşe ýetse saly,
Galkar köňül hyýaly,
Çalar jahyllyk ýeli,
Juwan görner düýşünde (Many bilmez ýaşynda).
Köňül
ibermek – ynanmak, halamak, razylyk bermek, bagyşlamak.
Töwekgel ner erer, endişe – maýa,
Köňlüňi iberme her haýsy jaýa,
Barçanyň yşanjy Kadyr Allaýa –
Alladan özgäge söýenji bolma (Gidiji bolma).
Köňül
maksadyna ýetmek – arzuwyň hasyl bolmak, islegiňe eýe bolmak, maksadyň amala
aşmak.
Pakyrlar mal diýer, baýlar zer diýer,
Ýeke eşekli: «At ber, esrik ner» diýer,
Dünýäden doýmak ýok, «Ýene ber» diýer,
Köňül maksadyna ýetip bolmaýyr (Çatyp
bolmaýyr).
Köňül
sowamak – kimdir birinden göwnüň geçmegi, şoňa bolan garaýşyň erbetleşmegi,
halamazlyk, gowy görmezlik.
Gördük saýy köňül sowar, Sabyrsyz-kararsyz
ärden.
Yssy beren köpek ýegdir
Uýatsyz-ykrarsyz ärden (Kararsyz ärden).
Köňül
tapmak – razy etmek, göwnünden turmak, ugruny tapmak, göwnüne degmezlik.
Galsa köňül tapylmaz, çyksa bu jan
dünýäde.
Mert gerekdir almaga bu garyp galan köňlüm (Köňlüm).
Köňül ýykmak – nägile etmek, ynjatmak, öýkeletmek.
Hiç köňül şatlygy çykmaz, Bir köňül ýykmaýan ärden.
Ýagşylyk tamasyn etmäň,
Ýamanlyk çykmaýan ärden (Ýykmaýan ärden).
Köňülden
çykarmazlyk – hemişe kalbyňda, ýadyňda saklamak, ýüregiňde orun bermek.
Bismilla diýp okap Gurhany − Ýasyn,
Köňlüňden çykarma Hakyň senasyn,
Magtymguly, Hak geçirgeý günäsin,
Jennetil-mäwa dek jaýlary bardyr (Ýaýlary bardyr).
Köňülden
gamy almak – göwnüňdäki hasraty,
gam-gussany aýyrmak, göwnüňi açmak.
Ol Syratda ganatlaryň gaýrylar,
Niçeler öte almaý, boýny burular,
Munda rast ýörenler behişde girer,
Bu köňülden gamy aldy bu
dünýä (Gyzdyr bu dünýä).
Kösti
ýetmek – zyýany degmek, päsgel bermek, päsgelçilik döretmek.
Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler,
Oýnaýyp gülüban, hemra bolmaňlar, Kösti ýeter bir gün,
ýalan diýmäňler,
Guda-gaýyn bilen beladaş bolmaň (Baş bolmaň).
Kuýaşy
bent kylmak – Gün şöhlesi düşmezlik, ýagtylyga, daşky dünýä zar etmek,
garaňkyda, tünde ýaşatmak.
Kuýaşymy bent kylyp, dünýäge zar etdiň meni, Biwatan namartlara
bagşy-diýar etdiň meni (Meni).
Kül
etmek – 1. Döwmek, örän ownuk hala getirmek, maýdalamak, owratmak, ýakmak 2.
Ýok etmek, zarba urmak.
Magtymguly, begligim ýar jemaly gul etdi,
Wysal umydyn berip, müň dilli bilbil etdi,
Aýralyk oda saldy, pyrak turdy, ýel etdi,
Yşk çekdi zybanasyn, ýakyp-örtäp, kül etdi,
Hijran − pyrakçy alyp, ýele sowurdy meni (Buluda gardy meni).
Küren tutmak – uly, köp ilatly oba bolup
oturmak.
Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükreýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ― ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň (Türkmeniň).
Kysmaty açylmak – paýy, ýazgydy,
täleýi belli bolmak.
Magtymguly many saçar,
Her kim öz kysmatyn
açar,
Saňa gelen durmaz geçer,
Kim bar baky galan dünýä (Ýalan dünýä).
Kyýamatdan
gol üzmek – kyýamat gününi ýatdan çykarmak, soň hasap bermelidigini unutmak.
Bahyllar ýele gezdiler,
Alymlar ýyldan azdylar,
Kyýamatdan gol üzdüler,
Barysy süýthora döndi (Käre döndi).
Kyýamatyň
gazanmak – eden işleriňe o dünýäde jogap bermäge taýýarlanmak, sogap işleri,
il-güne peýdaly işleri etmek.
Söýle Magtymguly aklyň ýetinçä,
Kyýamatyň gazan bikär ýatynça,
Tamugda