17/01/2026
61
Ýatdan çykmajak duşuşyk
2026-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylym bölüminiň hünärmeni, geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Grigorýewiç Buşmakin bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga institutyň ÝUNESKO klubyna agza mugallymlar we talyplar gatnaşdylar.
Halypa alym Anatoliý Buşmakin indi 20 ýyldan gowrak wagt Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde özüniň baý ylmy terjibesini talyp ýaşlar bilen paýlaşyp, olara bilim bermekde, ylmy-barlag işlerini alyp barmakda aýratyn tapawutlanýar. Alym geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap, uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda geologiýa ylmynyň ösmegine uly goşant goşdy, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda dürli wezipelerde zähmet çekip, Diýarymyzda geologiýa gözleglerini alyp barmakda aýratyn tapawutlandy.
Duşuşygyň dowamynda A.Buşmakin bilen ýaş talyplaryň arasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we onuň aýratynlyklary barada gyzykly pikir alyşyldy. Bu duşuşyk “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubynyň her bir agzasynda üýtgeşik täsir galdyrdy.
Gülbahar ILBEGIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
19/01/2026
Media topar bilen maslahat geçirildi
16/01/2026
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI