05/10/2026
56
«MILLI MIRASYMYZ – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BERK BINÝADYDYR» ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Milli mirasymyz – Garaşsyzlygymyzyň berk binýadydyr» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlary, dürli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, ylym, bilim, medeniýet ugurlarynda zähmet çekýän hünärmenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ilki bilen myhmanlar institutyň eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisini synladylar. Onda ýerine ýetirilen çeper höwesjeňleriň we döredijilik toparynyň çykyşlary myhmanlar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylandy.
Halkara maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, uly mugallym Aýgözel Öwezowa alyp bardy.
Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Gülşat Ýusupowa, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rustemowa, Belarus Respublikasynyň ÝUNESKO Klublar Assosiasiýasynyň prezidenti, sosiologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Dmitriý Subselnin (onlaýn), Gazagystan Respublikasynyň ÝUNESKO Klublarynyň Milli Federasiýasynyň wise-prezidenti, filosofiýa ylymlarynyň doktory Sabina Akžarowa (onlaýn), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy, sungaty-öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa, Gyrgyz Respublikasynyň ÝUNESKO Klublar Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, pedagogika ylymlarynyň doktory Dariýa Musina (onlaýn), ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkiýäniň Milli toparynyň Bilim komitetiniň wise-prezidenti, professor Mustafa Sewer (onlaýn), Täjigistan Respublikasynyň ÝUNESKO Klublarynyň Milli Federasiýasynyň wekili Rizo Sadykow (onlaýn), Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri Gurban Myradow dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege sarpa goýmaklyga, deňhukuklylyga hem-de dünýäniň ähli döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti, ýurdumyzyň oňyn daşary syýasaty netijesinde Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, hususan-da, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýet eýedigi barada nygtadylar.
Hususan-da, ylym-bilim ulgamy babatynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň gerime eýe bolýandygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we daşary ýurtlarda ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň, federasiýalarynyň hem assosiasiýalarynyň hereket etmegi we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler barada bellediler. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem okuw işine ornaşdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olaryň ylmy-medeni taslamalara gatnaşygyny artdyrmak baradaky döwlet syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty bilen bilelikde «Milli mirasymyz – Garaşsyzlygymyzyň berk binýadydyr» atly utgaşykly görnüşde halkara maslahaty ýokary guramaçylykly geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary bilen geçirilip, özara tejribe alşylmagyna ýardam beren we türkmen milli mirasynyň dabaralanmagyna bagyşlanan bu halkara maslahatyň hem giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkara abraýyny has-da beýgeltmäge, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tutumly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şeýle-de halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Ogulşirin NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby