06/07/2026
50
“TEBIGATYMYZY BILELIKDE GORALYŇ!” ATLY EKOLOGIKI FORUM GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde “Tebigatymyzy bilelikde goralyň!” atly ekologiki forum geçirildi.
Foruma ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory Döwlet Ýolow, şeýle hem ýurdumyzdaky ÝUNESKO kafedralarynyň, klublarynyň we Assosirlenen mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Forum “Tebigatymyzy bilelikde goralyň!” atly ekologiki sergä tomaşa etmek bilen başlandy. Maslahatyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň iňlis dili mugallymy, “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň başlygy Aýgözel Öwezowa hem çykyş etdi.
Mundan başga-da, forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň daşky gurşawy goramak, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek hem-de durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan gyzykly çykyşlary edildi. Geçirilen forum tebigaty aýawly saklamak we ekologik jogapkärçiligi ösdürmek işine uly goşant boldy.
Gülälek TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby