Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
        • «YLYM WE BILIM XXI ASYRDA» ATLY HALKARA ONLAÝN YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • «ÝAŞYL GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYK» ATLY EKOLOGIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Термезский диалог: масштабный взгляд в будущее
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜNE BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    15/05/2026

    676

    WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    2026-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
    Çäräni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gaýgysyz Döwletow alyp bardy. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny, milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etmeklerini, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmak, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zeperi baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, jenaýatçylygyň öňüni almak, internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden dogry peýdalanmak dogrusynda gürrüň berdiler.
    Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegi, ýaşlaryň hukuklarynyň goraglylygy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berlip, giňişleýin sorag-jogap alşyldy.
    Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy, nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

    Gülkamar SAPAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY surady

    09/06/2026

    TÜRKMENISTANYŇ HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNYŇ ÄHMIÝETI BARADA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY
    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    09/06/2026

    PIKIR ALYŞMALAR GÖRNÜŞINDE ÝAŞLAR MASLAHATY GEÇIRILDI
    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI surady

    06/06/2026

    BÜTINDÜNÝÄ RUS DILI GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-DÖREDIJILIK ÇÄRESI GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI