584
Türkmenistanyň öňe süren halkara başlangyçlary BMG tarapyndan ykrar edilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewiliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyçlar 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynda eden çykyşynda öňe sürüldi. Şonuň netijesinde 2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza döwletleriniň 72-siniň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Giň gerimli işleri alyp barýan özboluşly meýdança bolmak bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça sebitleýin gepleşikleriň ilerledilmegine ähmiýetli goşandyny goşýar. BMG-niň bu edarasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hereket etmeginiň netijeliligi Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň noýabrynda Merkeziň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýanyň degişli rezolýusiýasynda hem bellenilip geçilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ulag babatda möhüm halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlanyldy. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnama guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Agzalan Kararnamanyň döredijileri bolup 48 döwlet çykyş etdi. Bu Kararnama Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda özara hereketleri üpjün etmek baradaky Kararnamalaryň üstüni ýetirdi. Kararnamada görkezilen ýörelgeleriň 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň netijeleri boýunça başy başlanan ulag gatnaşyklarynyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek prosesi bilen utgaşýandygy bellenildi.
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasyny kabul edildi. Şunlukda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy. Bu bolsa sebitleýin ösüşiň ilerledilmeginde Merkezi Aziýa platformasynyň derwaýyslygynyň aýdyň subutnamasydyr.
2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji Sammiti geçiriler. Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalary bilen, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çägindäki sebitara hyzmatdaşlygy konstruktiw häsiýete öwürmek üçin möhüm başlangyçlary hem-de taslamalary öňe sürýär. Munuň özi bolsa uzak möhletli geljek üçin netijeli gatnaşyklaryň berk esasyny döredýär.
Şeýlelik bilen, Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde möhüm halkara başlangyçlary daşary syýasatymyzyň ösüşleriniň daýanjydyr.
Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.