28/06/2024
3636
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamasynyň IV möwsüminiň umumy şygary barada
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.
BMG-ä agza 86 döwletiň Türkmenistanyň nobatdaky wajyp başlangyjyny goldamagy we agzalan Kararnama awtordaş bolmagy biziň döwletimiziň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň möhüm halkara ähmiýetiniň barha artýanlygyna aýdyň şaýatlyk etdi.
Munuň özi bolsa Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Şunuň bilen bir wagtda, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30-ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly bolup durýar. Munuň özi bolsa halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk syýasatynyň häzirkizaman şertlerinde aýgytlaýjy ornuny we ähmiýetini görkezýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 79-njy mejlisiniň wise-başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagy hem döwletimiziň halkara abraynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň şöhratly Garaşsyzlyk taryhynyň ýylýazgysynda beýik wakalar bolan ýokarda getirilen mysallara esaslanmak bilen, 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan gurnalýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamasynyň IV möwsüminiň «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilmegi maksadalaýyk bolup durýar.
Munuň özi bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG derejesinde 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmeginiň çygrynda ýaşlaryň arasynda türkmen diplomatiýasynyň taryhy, şu güni we geljege gönükdirilen ileri tutulýan ugurlaryny giňden wagyz etmäge ýardam berer.
Şol bir wagtda-da, bäsleşigiň dowamynda daşary syýasatyň esasy guraly bolan diplomatiýanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny öwrenmekde, aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň ählumumy tagallalary birleşdirmek baradaky binýatlyk taglymatyny we garaýyşlaryny wagyz etmekde, hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy dörediji başlangyçlaryny we bu babatda milli diplomatiýamyza bildirilýän talaplary düýpli özleşdirmekde möhüm bolan soraglary ileri tutmak meýilleşdirilýär.
Şeýlelikde, 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda geçiriljek «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly hünäre ugrukdyryjy taslamasynyň IV möwsümi «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy dörediji diplomatiýasy: netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly guraly» atly umumy şygar astynda geçirilýändigi yglan edilýär.
Guramaçylyk topary