1256
ÝUNESKO-nyň ÇÄGINDE TÜRKMENISTANYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY BILEN HYZMATDAŞLYGY PUGTALANÝAR
2025-nji ýylyň 14-15-nji aprelinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referentinden ybarat türkmen wekiliýeti Gazagystan Respublikasyndaky ÝUNESKO kafedralarynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň köpýyllyk tejribesini öwrenmek we alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Almaty şäherinde iş saparynda boldular.
Iş saparynyň ilkinji gününde – 14-nji aprelde türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde ýerleşýän orta, ýokary, döredijilik we sungat mekdepleriniň binýadynda döredilen A.Kasteýew adyndaky sungat we dizaýn mekdebindäki we Al-Faraby adyndaky Gazagystan Milli uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň binýadynda döredilen “Taleýran” ÝUNESKO klublarynda bolup, bu klublaryň alyp barýan köp ýyllyk işleri bilen tanyşdylar. Iki dostlukly ýurduň ÝUNESKO klublarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. 15-nji aprelde Gazagystan Respublikasynyň ýokaruy okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň düzüminde hereket edýän ÝUNESKO kafedralarynyň we klublarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyklarda ÝUNESKO klublarynyň esasy alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy we mundan beýläk-de kafedralaryň çäginde ýerine ýetirilýän işleri kämilleşdirmekde esas boljak özara tejribeler alşyldy.
Soňra türkmen wekiliýeti 2009-njy ýylda Almaty şäherinde döredilen Gazagystan Respublikasynyň Milli Klublar Federasiýasynyň Sekretariatynda bolup, bu federasiýanyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşdylar. Milli Federasiýanyň wekilleri ýurdumyzyň ÝUNESKO klublarynyň başlyklaryny özleriniň köpýyllyk we baý tejribesi bilen tanyşdyryp, federasiýanyň çäginde gurnalýan taslamalara işjeň gatnaşmaga çagyrdylar we geljekde özara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe teklipleri hödürlediler.
Ýurdumyzyň wekiliýeti hem öz gezeginde prezentasiýalar we wideo şekiller arkaly birnäçe ýyllyk iş tejribesi bolan Türkmenistandaky ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işleri bilen öz kärdeşlerini tanyşdyryp, olarda uly gyzyklanma döretdiler.
Bu iş sapary Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň ÝUNESKO-nyñ çäklerinde hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy. Türkmen wekiliýeti Gazagystanyň ÝUNESKO kafedralaryny we klub federasiýasyny dolandyrmakdaky baý tejribesi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmen Halkynyň Milli Liderine we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Türkmen halkynyñ Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk we eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Aýgözel ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.