29/11/2025
405
Türkmenistan bilen BMG-¬niň strategik hyzmatdaşlygy
Parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesi düýn ýa şu gün bilen baglanyşykly bolman, eýsem, ol ençeme ýüzýyllyklardan bäri türkmeniň hemdemi hasaplanýar. Bu iki ýörelge bilen ata-babalarymyz durmuşyň ýeňil bolmadyk synaglaryndan rüstem gelipdirler. Islendik bir meseläni, her hili ýagdaý bolanda-da, parahatçylyk, özara düşünişmek arkaly çözmäge çalyşmak — parasatlylykdan nyşan. Taryhyň sahypalarynda şeýle wakalar bilen ýüzbe-ýüz bolan pederlerimiz bize şol asylly häsiýetleri, ýagny sözüň, sungatyň güýjüne daýanyp, kynçylykdan baş alyp çykmagyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Üstümizdäki şanly ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda-da parahatçylyk söýüjilige, ynanyşmak dialogynyň medeniýetine esaslanýan ýörelgeler ýatyr.
Geçmişde-de, şu günlerde-de parahatçylygy, beýik adamkärçilik ideallaryny saýlan, oňa gol beren şahsyýetler az däl. Türkmen taryhynda şeýle adamlaryň biri Şükür bagşy bolupdyr. Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly kitabynda «aksakgal» sözüne aýratyn ähmiýet berlip, bu adyň ýaşalan ýaşlar bilen däl-de, edilen işler bilen gazanylýandygy bellenilýär. Hut şu sözler hem bize uzak bolmadyk ömründe örän gymmatly eserleri halkyna miras goýan ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowa häzirki zaman türkmen prozasynyň we metbugatynyň düýbüni tutujylaryň biri hökmünde «aksakgal» diýmäge esas döredýär. Beýik şahsyýetimiz Şükür bagşynyň eden aýgytly hereketi bilen ýurdumyzyň halkara giňişlikde alyp barýan parahatçylyk söýüji syýasaty gabat gelýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Häzirki wagtda biziň ýurdumyz bilen dünýäniň köp döwletleriniň arasynda durnukly, ygtybarly gatnaşyklar ýola goýuldy. BMG-¬niň hemmetaraplaýyn ylalaşdyryjylyk hereketiniň maksatnamalarynyň we taglymatlarynyň işjeň ugrukdyryjysy hökmünde döwletimiziň abraýy has¬da ýokarlandy. Şonuň üçin¬de Aşgabat şäheri Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça BMG-¬niň sebit merkezini ýerleşdirmek üçin saýlanylyp alyndy. Mundan başga¬da bizde BMG¬-niň goldaw bermegi bilen ýokary derejeli köpsanly halkara maslahatlary geçirilýär. Olaryň hemmesi dünýäde howpsuzlygyň döwrebap meselelerini sazlamaga bagyşlanandyr» diýip belläp geçýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, BMG bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlandan soň, ençeme halkara maslahatlar geçirildi, adamlaryň dostlukly, parahatçylykly ýaşamaklary ugrunda ähmiýetli işler alnyp baryldy. Bu bolsa döredilenine 80 ýyl dolan abraýly halkara gurama bolan Milletler Bileleşiginiň hem Türkmenistanyň hem agzybirligi, ynanyşmagy üpjün etmäge çalyşýandygyny alamatlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň Bitaraplygynyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan oýlanyşykly syýasatyna bu abraýly halkara gurama tarapyndan şeýle hem dünýä ýurtlary tarapyndan hormat goýulýandygyny aňladýar.
Garaşsyz Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda dünýäniň ynsanperwer häsiýetli iň iri jemgyýetçilik guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasyna öwrüldi. Geçen ýyllarda ýurdumyz birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň binýadyny pugtalandyrmakda, syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamakda halkara giňişlikdäki işjeň ornuny barha berkitdi. Eziz Diýarymyz bu babatdaky işleri şu günlerde-de ýokary depginlerde alyp barmak bilen Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny halkara derejesinde giňden toýlaýar.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.