04/06/2026
47
HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň umumy mejlisi geçirildi. Halkara ylmy-amaly maslahaty «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, doktorantlarynyň gatnaşdylar. Halkara maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary hem sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.
Halkara maslahatyň dowamynda çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri we öňe sürülýän halkara başlangyçlary aýratyn nygtadylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde, ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda dünýä jemgyýetçiligi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
«Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň ol oz işini «Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary», «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde dowam eder.
Kakajan ÝAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby