30/05/2026
100
“Emeli aň Türkmenistanyň bilim ulgamynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň guramagynda “Emeli aň Türkmenistanyň bilim ulgamynda” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bu okuw sapagyny Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Begmyrat Ataýew alyp bardy.
Ylmy-amaly maslahatda Begmyrat Ataýew Türkmenistanyň bilim ulgamyny ýokarlandyrmakda emeli aňyň orny we maglumatlary seljermekdäki mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem bilim ulgamynda halkara tejribeleri mysal getirip, öňdebaryjy ýurtlarda bu ugurda alnyp barylýan innowasion işler bilen tanyşdyrdy.
Okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan ugurlar boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Hojanýaz GUWANJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
26/05/2026
Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi
25/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI