02/06/2026
44
«DURNUKLY ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNA ÝETMEKDE ÝAŞLARYŇ ORNY» ATLY HALKARA YLMY-TASLAMA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 1-2-nji iýunynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyplaryň arasynda «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň II tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda belleniljek Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlandy.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň ählisini resmi taýdan kabul eden ilkinji döwletleriň biridigi aýratyn bellenildi. Ýurduň durmuş-ykdysady syýasatynyň DÖM-e doly laýyk gelýändigi, munuň bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi bilen hem tassyklanýandygy nygtaldy. Halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge, talyplaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we olaryň ylma bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu bäsleşik eýýäm dördünji gezek guraldy.
«Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň netijeleri ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň ekologik bilimleriniň, döredijilikli pikir-başlangyçlarynyň guwandyryjydygyna, hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň mümkinçilikleriniň işjeň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby