01/06/2026
12
1-NJI IÝUN – ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI: BAGTYÝAR NESILLERIŇ WE ŞATLYGYŇ BAÝRAMY
Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýär. Bu sene diňe bir körpeleriň ýüzündäki ýylgyryşy görkezýän baýramçylyk bolman, eýsem, tutuş adamzat jemgyýetine ösüp gelýän ýaş nesliň öňündäki jogapkärçiligini ýatladýan möhüm gündir.
1-nji iýun – Çagalary goramagyň halkara gününiň taryhy diňe bir şatlykly dabaralar bilen däl, eýsem bütin dünýäniň çagalaryna parahatçylyk, saglyk we gowy gelejek gurnap bermek ugrundaky uly tagallalar bilen baglanyşyklydyr. Halkara derejesinde çagalaryň meselelerine 1925-nji ýylda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen “Çagalaryň abadançylygy boýunça bütindünýä maslahatynda” seredildi. Bu maslahatda ilkinji gezek çagalaryň hukuklary we goraglylygy barada aýratynlykda kadalar we düzgünler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu geçirilen maslahatdan soňra bolsa 1925-nji ýylyň 1-nji iýunynda Hytaýyň San-Fransiskodaky baş konsulynyň ýetim galan hytaýly çagalar üçin “Aždarha gämileriniň festiwalyny” (Duanwu) guramagy bu senäniň çagalar bilen baglanyşdyrylmagyna uly täsir etdi. Bu täsirli waka Ženewadaky geçirilen “Çagalaryň abadançylygy boýunça bütindünýä maslahaty” bilen gabat gelip, 1-nji iýuny — Bütindünýä çagalary goramak güni hökmünde kabul edilmegine ýol açdy. Ikinji jahan urşundan soň, dünýäde millionlarça çaga ýetim, öýsüz-hossarsyz galdy, şol sebäpli hem çagalaryň saglygyny we durmuşyny halas etmek iň wajyp meselä öwrüldi. 1949-njy ýylyň noýabr aýynda Fransiýanyň Pariž şäherinde Halkara demokratik zenanlar federasiýasynyň ýörite sessiýasy geçirildi. Şol sessiýada ýetim we uruşdan ejir çeken çagalary goramak, olaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek ugrunda yzygiderli göreşmek barada ylalaşyldy hem-de 1-nji iýuny “Çagalary goramagyň halkara güni” diňe bir baýram däl, eýsem halkara raýdaşlyk güni hökmünde bellemek barada karar alyndy. Resmi taýdan ilkinji baýramçylyk çäreleri 1950-nji ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň 51 sany ýurdunda bellenilip başlandy.
Çagalary goramagyň halkara gününiň özüne degişli resmi baýdagy bolup, onda ösüşiň, galkynyşyň, sazlaşygyň we täzelenmegiň nyşany hökmünde ýerligi ýaşyl reňk, merkezinde bolsa biziň umumy öýümiz bolan dünýäni we ähli çagalaryň deňhukuklylygyny aňladýan ýer şary, daşyndaky dürli reňkli (gyzyl, sary, gök, ak, gara) çagajyklaryň şekilleri bolsa dünýädäki çagalaryň milletine, jynsyna we reňkine, olaryň medeniýetine garamazdan, hemmesiniň mähir bilen birleşýändigini görkezýär.
Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Türkmenistanda hem çagalary goramak, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almagyny, sagdyn ösmegini üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň “Çaganyň hukuklary hakyndaky” konwensiýasyna goşulmak bilen, ösüp gelýän nesil baradaky aladany halkara ülňülerine laýyklykda alyp barýar. Ýurdumyzda körpeler üçin döredilýän iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, ak mermerli mekdepler, saglygy goraýyş merkezleri, çagalar hassahanalary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda belent ynsanperwerlik häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek baradaky işleri alyp barýar.
Çagalar — biziň kalbymyzyň nury, öýlerimiziň şatlygy we döwletimiziň geljegi. Her ýylyň 1-nji iýunynda geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, çagalar baglaryndaky we seýilgählerdäki şatlykly-şowhunly çäreler Türkmenistanda çagalygyň goralýandygynyň, olaryň bagtyýar geljeginiň ynamly gollardadygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy