30/05/2026
71
DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGÄNIŇ NOBATDAKY YKRARNAMASY
Ir säher oýanyp, penjiräni açanyňda guşlaryň joşup saýraýan hoş owazyna, ýaşyl ýapraklaryň ygşyldysyna, dünýäni unudyp, oýna gümra bolup ýören çagajyklaryň gülkülerine diň salyp durşuňa, parahat durmuşyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy baradaky ýakymly oýlara berilýärsiň. Şol pursat parahatçylygyň, asudalygyň, bagtyýarlygyň mekanynda abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandygyňa bolan buýsanç duýgulary goşalanyp kalbyňa dolýar. Ýurt parahatçylygy, il abadançylygy üçin bolsa, ilkinji nobatda, oýlanyşykly daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegi zerur. Asuda Watanymyzyň daşary syýasaty hem oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Bu syýasat häzirki wagtda tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmegiň guraly hökmünde ykrar edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip jaýdar belleýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda hemişelik Bitarap Watanymyz adamzadyň parahat durmuşynyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda bu guramanyň Baş Assambleýasynda ynsanperwer mazmunly Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň alyp barýan işi hem munuň şeýledigini aýdyň görkezýär.
Bilşimiz ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi oňyn Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejede uly ykrarnama eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu waka bagyşlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat hem aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň sebit we halkara parahatçylygyny, durnukly ösüşi üpjün etmekdäki yzygiderli döredijilikli orny dogrusynda aýratyn nygtaldy. Şeýle-de maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň mundan beýläk-de, döwletleriň we halklaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm görkezijisi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Ýeri gelende bellesek, ýakynda bilim maksatly alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleri yzygiderli dowam etdirmek we syýasy-diplomatik taýdan uly ähmiýetli parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça ylym-bilimi ösdürmek, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny açmak bellenildi hem-de institutyň gurluşy tassyklanyldy. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde şeýle kafedranyň döredilmegi oňyn Bitaraplyk syýasatyny ylmy nukdaýnazardan çuňňur öwrenmekde, bu babatda ylmy-barlag, seljerme işlerini alyp barmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, umumadamzadyň bähbidine öňe sürülýän oňyn başlangyçlar, durmuşa geçirilýän haýyrly işler taryh sahypalaryna ebedilik ýazylýar. BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama hem şeýle işleriň hatarynda türkmen diplomatiýasynyň taryhyna ýazylan wakalaryň biri boldy.
Goý, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, umumadamzat bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy hünäriniň talyby,
«Esger».
Çeşme: «Esger» gazeti, 28.05.2026ý.