98
«Türkmen şahsyýetleriniň dünýä edebiýatynda eýeleýän orny» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi
2025-nji ýylyň iýul aýynyň 5-ine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň Dünýä dilleri kafedrasynyň çäginde hereket edýän «Lingvo World» ylmy gurnagynyň guramagynda «Türkmen şahsyýetleriniň dünýä edebiýatynda eýeleýän orny» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi. Bu söhbetdeşligiň dowamynda beýik türkmen şahsyýetleriniň döredijilik mirasynyň dünýä edebiýatyndaky orny, şeýle-de eserleriniň dürli ýurtlaryň edebi giňişligindäki täsirleri ylmy taýdan seljerildi.
Çärä institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Şöhrat Diwangulyýew çykyş etdi. Mugallym “Kyýat hanyň rus edebiýatyndaky orny” atly çykyşynda türkmen taryhy şahsyýetiniň rus edebiýatyna ýetiren täsiri, iki döwletiň özara syýasy gatnaşyklaryndaky bähbitler üçin bitiren uly hyzmatlaryndan habar berýän delilli maglumatlary getirdi we onuň döredijilik mirasynyň täsirini diňleýjilere ýetirdi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň uly ylmy işgäri Gulalek Hangeldiýewa “Magtymguly Pyragynyň döredijiligine pars edebiýatynyň täsiri” atly çykyşynda şahyrymyzyň eserleriniň pars poeziýasy bilen baglanyşykly ugurlaryny ylmy taýdan seljerip, diňleýjilerimize ýetirdi.
Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maýa Atajanowa “Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ispan diline terjime edilmeginde Helga Kegeliň goşan goşandy” atly çykyşynda beýik şahyrymyzyň eserleriniň ispan dilindäki terjimeleri we alym Helga Kegeliň bu ugurda alyp baran gyzykly we täsirli işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.
Institutyň Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Çemen Baýryýewa “Iňlis edebiýatynda türkmen şahsyýetleriň orny” atly çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine dünýä belli şahyrlar A.S.Puşkiniň, M.Ý.Lermontowyň, şeýle hem fransuz, nemes ýazyjylarynyň bildirýän gyzyklanmalary dogrusynda durup geçdi. Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Annagul Hekimowa söhbetdeşligiň dowamynda “Türkmen şahsyýeti Baýram hanyň hindi-türkmen edebiýatyndaky orny” atly çykyşy bilen dowam etdirdi. Ol Baýram hanyň döwlet işgäri bolmak bilen bir hatarda edebiýatda yz galdyran ussat diplomat hökmünde türkmen-hindi gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda ösdürilmegine goşan goşandy barada aýtmak bilen, türkmen şahsyýetleriniň batyr, agzybirlikde döwlet gatnaşyklary ýola goýmagy başarýan adalatly, döwlet dolandyryjysy hökmünde, sungatyň inçe tilsimlerini dünýäniň ussatlaryna ýetirip, haýrana galdyryp bilen şahsyýetler hökmünde tanalýar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýakyn Gündogar dilleri kafedrasynyň uly mugallymy Maral Batyrowa “Pars edebiýaty we beýik türkmen şahsyýetleri” atly çykyşynda pars edebiýatynyň taryhy ösüş ýoluny we onuň türkmen edebiýatyna ýetirýän täsirlerini gyzykly maglumatlar bilen beýan etdi.
Söhbetdeşlik sorag-jogap görnüşinde dowam edip, çykyşlardan soň gatnaşyjylar bilen gyzykly pikir alyşmalar geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar beýik taryhy şahsyýetlerimiziň mirasyny ýaşlara wagyz etmek üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Bu mümkinçilikleriň ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde hem-de milli medeniýetimize buýsanjynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Dünýägözel Babahanowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.