125
Russiýa Federasiýasynyň adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň rektory Gülşat Ýusupowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolinkiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda hormatly ilçi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini belledi. Aýratyn-da iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan tagallalara ünsi çekdi.
Duşuşykdan soňra, hormatly myhman institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO klubyna baryp gördi we institutyň okuw studiýasynyň işi bilen tanşyp, talyplar bilen söhbetdeş boldy.
Aýgözel AMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.