20/06/2025
161
TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) «Dizaýn» ugry boýunça döredijilik şäheri derejesine eýe bolan Aşgabat şäheriniň Modalar ulgamyndaky mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen, Aşgabadyň Modeller öýünde tomus möwsümi üçin Türkmeniň milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi. UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara ýurdumyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda hereket edýän UNESCO kafedralarynyň we klublarynyň agzalary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly UNESCO klubynyň agzalary hem gatnaşdylar.
Dabaranyň açylyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Rustemowa Çynar Täjiýewna türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ene-mamalarymyzdan gadymdan gelýän milli lybaslarymyzyň halkara jemgyýetçiliginde dabaralanýandygyny belläp, türkmeniň milli lybasy halkyň däp-dessuryny, durmuş ýörelgesini we ýaşaýyş ýörelgesini häsiýetlendirýän maddy hem ruhy medeniýetiniň özboluşly we iň täsirli hadysasydyr. Özboluşly maddy medeniýetiň, halkyň ahlak dünýägaraýşynyň iň tapawutly aýratynlyklaryndan birine öwrülen esasy geýim nusgasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklanyp galypdyr. Şeýlelikde, şol geýim nusgalarynda ökde hünärmenleriň çeperçilik ussatlygynyň jemlenendigini-de görmek bolýar. Türkmen keşdeçilik sungatynyň we türkmen milli halyçylyk sungatynyň UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň güwäsidir diýip, buýsanç bilen nygtady.
Dabaranyň dowamynda görkezilen Aşgabadyň Modeller öýüniň çagalar hem ulular üçin neýetlenen milli lybaslary döwrebap äheňde bolup, tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekler, el keşdesi bilen bezelen milli donlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle-de bu ýerde «Dizaýn plus» atly Aşgabat döredijilik jemgyýetiniň önümleriniň sergisiniň gurnalmagy çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň atgazanan bagşylarynyň, estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren watanymyzy, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän aýdymlary bu dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Jemile PÜRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň uly mugallymy.
Soňky täzelikler

12/06/2025
Ylma goýulýan hormat
22/05/2025
BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ