Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-V)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-V) surady
    11/07/2023

    1307

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (G-V)

    Gurdy koýlara çopan eýlemek – ser. Gurdy dowara çopan eýlemek.

    Çaý bile nan üstüde Musa pygamber durdy,

    Özi erdi koýlara çopan eýledi gurdy... (Eýwany dört).

    Gury gelip, boş gitmek – hiç bir iş bitirmezlik, adamyň tutuş ömrüniň dowamynda bellärlikli, göze iler derejede iş etmezligi, yz galdyrmazlygy. Munuň „imanly gitmek” manysynyň hem bardygy öňe sürülýär.

    Pyragy, dünýä düýşdür,

    Düýş görseň, düýbi hiçdir,

    Jahanda ýaman işdir,

    Gury gelip, boş gitmek (Diş gitmek).

    Gury gidip, boş gelmek – ser. Gury gelip, boş gitmek.

    Zemin seni häli-häli ýuwtarmy,

    Akyl beýle ýerde bigam ýatarmy,

    Hiç bir masgaralyk mundan ötermi,

    Giden gury gitse, gelen boş gelse (Joş gelse).

    Gussany nan eýlemek – gaýgy-gam bermek, gaýgylandyrmak.

    Kim tutar buýrugyň, kim çykar ýoldan,

    Kim jyda göz-gaşdan, kim galar goldan,

    Kimse döwlet tapar ol haram maldan,

    Kimlere gussany sen nan eýlediň (Jan eýlediň).

    Guşy turmak – keýpi kökelmek, göhi gelmek, ruhlanmak, şatlanmak, döwlete, mal-mülke eýe bolmak.

    Islänin bu göz görse,

    Göwnänin bu dil sorsa,

    Bir ýigdiň guşy tursa,

    Her bir sözi düz bolar (Ýüz bolar).

    Guýruk tutdurmazlyk – el bermezlik, ele düşmezlik, ýaka tutdurmazlyk, sypjak bolmak, sapalak atmak.

    Rahat ýatyrman dünýä,

    Tutsa, sypdyrman dünýä,

    Guýruk tutdurman dünýä,

    Guş kibi uçup barar (Geçip barar).

    Gün geçirmek – 1. Ýaşamak, günüňi aýlamak. 2. Hiç bir iş etmän, diňe günüň geçerini bilip ýaşamak, wagt geçirmek.

    Goýdy meni ýüz müň azara pyrkat,

    Gijäm uzyn boldy, daň atmak − rykkat,

    Gussa bilen gün geçirmek muşakgat,

    Ne janda parahat, ne bir aýş galdy (Daş galdy).

    Günä çeşmine çümmek – günäli bolmak, günäkär.

    Magtymguly hatadan gaýry, elden iş gelmez,

    Çümdüm günä çeşmine, ýürek gaýnap joş gelmez,

    Haýyr yrak hyýaldan, şer köňlümden daş gelmez,

    Mesti-dünýä bolup men, akyl gider, huş gelmez. (Guluň boldum).

    Güni batmak – betbagtçylyga uçramak, işi gaýtmak, kynçylyga sezewar bolmak, aradan çykmak.

    Habar düşer: «Pylan kimse ötdi» diýp,

    «Çyragy söndi» diýp, «Güni batdy» diýp,

    «Bu dünýäden o dünýäge gitdi» diýp,

    «Alla rehmet etsin!» diýip dargarlar (Iglärler).

    Güni dogmak – işi şowuna bolmak, begenmek, şatlanmak.

    Bu jahanda namartlaryň ýaşan güni dogupdyr,

    Nazar eýläň, bir merdiň, bu gün aý-güni ýaşar (Heder eder).

    Güni ýaşmak – ser. Güni batmak.

    Kimseleriň derdi agyp,

    Kim başyna baran ýagyp,

    Kimseleriň Aýy dogup,

    Kimiň Güni ýaşyp barmyş (Gidip barmyş).

    Günüň özüňden ötmek – öz günüňi özüň görmek, öz gazananyň özüňe ýetmek, özüňi ekläp bilmek.

    Dilegiň Allaga ýetse,

    Dergähinde kabul etse,

    Öz günüň özüňden ötse,

    Ýalançyda hor olmagyl (Ýar olmagyl).

    Güwş tutmak – diňlemek, diň salmak, eşitmek.

    Yşk meýinden içip galdym gaş tutup,

    Bahar çagy uklaýyp men noş tutup,

    Pany dünýä diýenine güwş tutup,

    Haýran galyp kylyp oňa bir bawer (Namys bilen ar).

    Güýç-güýç ýeten bolmak – kim güýçli bolsa şonuňky, güýjüň, zoruň bolsa seniňkiniň dogry hasaplanmagy.

    Bu dünýäde ýagşy-ýaman bir boldy,

    Mert ýigit ýat boldy, namart är boldy,

    Güýç-güýç ýeten boldy, köpler zor boldy, Molla-işan gaýry teseri belli (Azary belli).

    Güzer etmek – geçelge etmek, üstünden ýol salmak, ýoly üstüňden düşmek.

    Taňry giň eýlese bende köňlüni,

    Ryzk agzyna girer − tutsaň elini,

    Döwlet güzer etse, tapar ýoluny, –

    Geler bolsa, gider bolsa, ýat ýagşy (Ýat ýagşy).

    Gybat kesmek – kimdir biri hakynda özi ýokka gürrüň etmek, gaýybana gürrüňini etmek, adamy arkasyndan ýamanlamak.

    Türkmen diliniň dialektlerinde „Gybat biçmek” görnüşinde ulanylyşyna hem gabat gelmek bolýar.

    Ulaldyň – köňlüňdedir ýalan jahanyň söýgüsi,

    Gözleriň gözel görüp, seni günähe goýgusy,

    Dilleriň gybat kesip, lap-ýalan sözler aýgysy... (Ölmesden burun).

    Gybatdan dili dönmezlik – ser. Gybat kesmek.

    Utanmadyň Hakdan, agardyp rişiň,

    Gybatdan dil dönmez, haramdan – dişiň,

    Penada görewer bakalyk işiň,

    Gapyl galyp ýatma her dem iňrenip (Bir-birine bezenip).

    Gybatdan diliňi saklamak – adamyň özi ýokka gürrüňini etmezlik, kimdir biri hakynda erbet gürrüňler etmezlik.

    Sakla gybatdan diliňi,

    Otdan baglarlar eliňi,

    Açylan täze gülüňi,

    Alla soldurmazdan burun (Daň atmazdan burun).

    Gyly kyrk aýyrmak – zehini, ylmy, bilimi, başarnygy arkaly has inçe işleri edip bilýän, başarjaň.

    Gyly kyrk aýyrmaga Münker-Nekir taýýar bar,

    Munda bir azar berseň, onda müňläp azar bar (Didar bar).

    Gylyç çalmak – gylyjyňy ýiteltmek, uruş küýsemek, uruş etmek isleginde bolmak, söweşe taýýarlanmak.

    Magtymguly, Rumystana,

    Çaldy gylyç Hindistana,

    Badahşana, Türküstana,

    Ýedi yklyma han oldy (Rowan oldy).

    Gylyç çekmek – üstüne goşun sürmek, gylyç alyp topulmak, gylyçly hüjüm etmek.

    Dünýä daşyň demir duzak torlaýyp,

    Ajal şiri aňtap ýatyr gözleýip,

    Sen parahat ukusynda horlaýyp,

    Kaza gylyç çekip durmuş gezenip (Bir-birine bezenip).

    Gylyç gemirmek – uruş-jenjel küýsemek, batyrlyk satmak, batyrsyramak.

    Keşt eýlediň dagy-daşy eleýip,

    Gylyçlar gemirip, ganlar ýalaýyp

    Dogry gelip, Ahtam ganyn dileýip, Mukatyla gowga salan Alydyr (Alydyr).

    Gylyjyna daýanmak – güýjüne, batyrlygyna, mertligine daýanmak, öz güýjüne göwni ýetmek.

    Akylsyzlar akyl gözlär, zeýrener, Akly bolan diýer: «Aklym köp bolsa».

    Mert ýigitler gylyjyna daýanar,

    Namart tutabilmez, golda çöp bolsa (Köp bolsa).

    Gymmat goýmak – satmak, bahalandyrmak, baha kesmek.

    Şäher ortasynda bir tagt gurdular,

    Ýusup Syddyk: «Gul men» diýip durdular,

    Gymmat goýup, Züleýhaga berdiler,

    Ahyr myradyna ýetdi, ýaranlar (Atly, ýaranlar).

    Gymmatdan aýrylmak – gymmatyny gaçyrmak, hiç zat bolup galmak, gerekmejek zada öwrülmek, pese düşmek.

    Biziň gören dostlar awara döndi,

    Baş aparan ärler biçärä döndi,

    Ýörgür arap atlar, gör, hara döndi,

    Gymmatdan aýrylyp, ýaman pelekden (Nadan pelekden).

    Gymmatdan düşmek – ser. Gymmatdan aýrylmak.

    Gezer boldum, il içinde san bolup,

    Gymmatdan düşüp men, derdi-hun bolup,

    Bidöwlet, buzahor ile han bolup,

    Jebir kyldy, gözel iller dargady (Mallar dargady).

    Gyýa bakmak – gözüň gyrasy bilen seretmek, närazylyk bilen garamak, närazy bolmak.

    Pelek, pelek, gyýa bakyp,

    Jan alar sen hanjar sokup,

    Ençe jany oda ýakyp,

    Aman özüň galar bolduň (Alar bolduň).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI