Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi / T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-I)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-I) surady
    07/07/2023

    960

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (E-I)

    Ebr salmak – bulutlaşmak, kölegelemek, kölege düşmek, öňüni bulut tutmak.

    Pyragy − murdadyr, ýyllar ýyl çekse,

    Aýlar ebr salsa, günler gün çekse,

    Ylýas aby dökse, Hydyr el çekse,

    Zinde bolmaz Isa ursa dem bile (Gam bile).

    Ebti agmak – üst-başyňy oňarmazlyk, hopul-sopul geýinmek, özüňi oňarmazlyk.

    Akdy çeşmim ýaşy Gulzum, Nil bolup,

    Ebtim agdy, galdym ile dil bolup,

    Çille mesi garlar akdy sil bolup,

    Gara daglar gara daşdan aýryldy (Huşdan aýryldy).

    Efsun urmak – jadylamak, jady etmek, aldaw, hile etmek.

    Galam alyp, namany gönderdigim bilmezmiň?

    Efsun urup, hüthüti inderdigim bilmezmiň? (Bilmezmiň).

    Egri bakmak – gülüp bakmazlyk, halamazlyk, gowy görmezlik.

    Pelek bize egri bakyp, El uzadyp, efsun okyp,

    Orta ýerde däne döküp,

    Tor gurupdyr daşymyza (Ne iş geler başymyza).

    El açmak – jomart, sahy bolmak, zadyňy hiç kimden gysganmazlyk, gysganman paýlamak.

    Isteseň serişdesin sen bu jahanyň serbe-ser,

    El açan, gahryn geçen, binendeýi-eýýam olur (Betnam olur).

    El barmazlyk – birine zyýan ýetirmezlik, dözmezlik, bir işi etmekden saklanmak.

    Saglygyňda el barmasa, bermäge,

    Gyýmasalar galanlar gol germäge,

    Magtymguly aýdar, azap görmäge,

    Kyýamat garasy gitmez ýüzüňden (Özüňden).

    El bermezlik – tutdurmazlyk, başartmazlyk, eýgertmezlik, tapdyrmazlyk.

    Her kime el bermez yşkyň gämisi,

    Münerin diýp, gark olupdyr kimisi,

    Bu ýola girenler bilmez namysy,

    Bu nedendir hemdem bolmuş ar bizi (Mar bizi).

    El çekmek – bir zatdan dänmek, daşlaşmak, gaýdyp golaýyna barmazlyk, arany açmak, saklanmak, taşlamak, terk etmek.

    Pyragy − murdadyr, ýyllar ýyl çekse,

    Aýlar ebr salsa, günler gün çekse,

    Ylýas aby dökse, Hydyr el çekse,

    Zinde bolmaz Isa ursa dem bile (Gam bile).

    El degmek – namysyna degilmek, masgara edilmek.

    Kişi namyslydyr el degse puşta,

    Hiç kes oňa kylmaz dostluk rişte,

    Şehitler gan bilen girse behişte,

    Jomartlar baradyr aş-u nan bilen (Syn bilen).

    El degmedik – täze, arassa, ulanylmadyk, päk

    Bişgeý elwan el degmeýin aşlary,

    Gudrat bilen birýan bolup göşleri,

    Taý geler dünýäge derem-daşlary,

    Artykdyr her ýatan çizi behişdiň (Özi behişdiň).

    El gatmak – almak, ogurlamak, özüne geçirmek.

    Şir her çakda bir aw atar,

    Diýr: «Awuma kim el gatar».

    Pil burnun pelege tutar,

    Kerk görse, hamyra döner (Emire döner).

    El götermek – 1. Taşlamak, daşlaşmak, terk etmek, umyt üzmek, bes etmek. 2. Urmak, jeza bermek.

    El götergin ham hyýaldan,

    Saňa yssyg ýokdur maldan,

    Rozygär geçse halaldan,

    Aryplar söhbeti gerek (Aty gerek).

    El sunmak – eliňi uzatmak, eliň bilen barlamak.

    Köňül, ne iş bitirdiň, geldiň, jahan içinde,

    Galdyň dünýä gamynda, ýüregiň gan içinde.

    Abat diýip, el sunduň, düýbi weýran içinde... (Ýüregiň gan içinde).

    El tutmak – goldaw bermek.

    Bisabr olan işi ýiter,

    Sabr eýlegen işi biter,

    Nägäh Hudaýym el tutar,

    Essabry miftahyl-jenan (Miftahyl-jenan).

    El urmak – ogurlamak, ogurlyk etmek.

    Magtymguly aýdar, bir zat bilmezem,

    Işler bardyr, hötdesinden gelmezem,

    Eý, ýaranlar, bu nädendir, bilmezem,

    Hydyr diýip el urdugym, hyrs çykar (Kürs çykar). 

    El uzatmak – 1. Bir işi etmäge synanyşmak,  almak, öz tarapyňa geçirmek. 2. Birine ýardam bermek, kömek etmek, goldaw bermek. 3. Urmak, jeza bermek.

    Sakla gybatdan diliň, ugrunda gez ynsap edip,

    El uzatma köp pisada, ýör Hudadan howp edip...(Galmagaly neýlerem).

    El üzmek – taşlamak, daşlaşmak, terk etmek, umyt üzmek, bes etmek.

    Gorkup, bitakat boldum,

    Şirin jandan el üzdüm,

    Seniň gapyňa geldim,

    Gutar meni, ýa, Aly» (Gökje kepderi).

    Elden çykmak – gidirmek, ygtyýaryňdaky zady aldyrmak, sypdyrmak, boş galmak.

    Istär – elden çyka döwlet humaýym, Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz.

    Dilegim duş eýle, gözel Allahym,

    Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz (Döker bolduk ýaşymyz).

    Elden gitmek – mümkinçiligi elden bermek, mümkinçiligi wagtynda peýdalanyp bilmezlik.

    Jana degse garrylygyň zäheri,

    Bozuk bolar köňül-göwre şäheri,

    Elden gitse ýigitligiň bahary,

    Kuwwat gaçar, dyz egiler, bil galmaz (Sil galmaz).

    Elden iş gelmezlik – iş oňarmaýan, başarjaň däl, bialaç, biçäre.

    Magtymguly hatadan gaýry, elden iş gelmez,

    Çümdüm günä çeşmine, ýürek gaýnap joş gelmez... (Guluň boldum).

    Ele gelmek – almak, edinmek, zatly bolmak, öz ygtyýaryňa geçirmek.

    Ýagşy aýal ele gelmez,

    Nadan ýagşyň gadryn bilmez,

    Aýalsyza mydar bolmaz,

    Dönseň hökmi-Süleýmana (Her ýana).

    Ele getirmek – almak, edinmek, eýesi bolmak, özüňe degişli etmek.

    Näge hyýal etsem, ele getirdim,

    Kaýda baksam, oňa nazar ýetirdim,

    Bu hal ile men parahat ýatyrdym,

    Ýüzüme tüýkürip: «Tur, gul!» diýdiler (“Turgul” diýdiler).

    Ele girmek – ser. Ele getirmek.

    Ykballynyň ugran işi oň görner,

    Dünýä ýüzi ele girse, teň görner,

    Jahyllykda geçen işler geň görner,

    Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat (Adamzat).

    Eli boş – 1.Wagty bar, işsiz. 2. Zatsyz, hiç zady ýok.

    Ermez erdim, ah eli boş, ol ýarymyň ýüzüne,

    Genji-jahan taý gelmezdir şekeristan sözüne... (Haýranydyr).

    Eliň açyk tutmak – ser. El açmak.

    Gelene garşy çyk, bolsa mejalyň,

    Ýagşy tutawergil niýetiň-päliň,

    Dünýä döwranynda açyk tut eliň,

    Döwür senden gider, döwran eglenmez (Pygan eglenmez).

    Soňky täzelikler

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L) surady

    20/01/2024

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (L)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-II)
    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I) surady

    19/07/2023

    T.BEKJÄÝEW. MAGTYMGULYNYŇ ESERLERINIŇ FRAZEOLOGIK SÖZLÜGI. - AŞGABAT, TDNG, 2016 (K-I)
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI