28/02/2024
677
SUW DIPLOMATIÝASY WE HALKARA SUW HUKUGY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 28-nji fewralynda Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda suw diplomatiýasy we halkara suw hukugy, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça degişli ugruň hünärmenleri üçin okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Okuw sapagynyň maksady dünýäde we Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň halkara-hukuk düzgünleşdirilmeginiň aýratynlyklaryny açyp görkezmekden, “suw hyzmatdaşlygy” düşünjesi bilen suw diplomatiýasynyň arabaglanyşygyny we suw diplomatiýasynyň esasy serişdelerini düşündirmekden ybaratdyr.
Agzalan okuw sapagy Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkeziniň, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Suw we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasynyň Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda taslamanyň hünärmeni G.Gurtöwezow “Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, gidrotehniki desgalaryň howpsuzlygy we serhetüsti suw hyzmatdaşlygy”, “Serhetüsti suw hyzmatdaşlygy” atly okuw sapaklarynyň mazmuny bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem hünärmen suw serişdelerini we serhetüsti derýalary ulanmak boýunça Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklarynyň üstünde aýratynlykda durup geçdi.
Suw diplomatiýasy we halkara suw hukugy boýunça okuw sapagy örän täsirli bolup, onda gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap tapdylar.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we
deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz: