05/11/2026
93
EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasyna we bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryna bagyşlanan seminar geçirildi.
Seminarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň geňeşçisi Magtymguly Akmyradow çykyş etdi. Seminar geljekki hünärmenleri ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň mazmuny we onuň daşary syýasatdaky ähmiýeti bilen has giňden tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Ekologiýa diplomatiýasy daşky gurşawy goramak meselelerinde döwletleriň hem-de halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlaryny öwrenmek geljekki diplomatlaryň halkara ekologik hyzmatdaşlygyň wezipelerine has çuňňur düşünmegi üçin ähmiýetlidir.
Seminar talyplaryň okuwda alýan nazary bilimlerini diplomatik işiň tejribesi bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýle çäreler ýaş hünärmenleriň dünýä gün tertibindäki ekologik meselelere düşünjesini giňeltmäge we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmäge ýardam berýär.
Jennet EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby