04/11/2026
27
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUWLARYŇ TÄZE TAPGYRY BAŞLADY
2026-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň Suw diplomatiýasy ugry boýunça 2026-2027-nji okuw ýylynyň fakultatiw sapaklary öz işine başlady. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Merjen Gurbannazarowa alyp bardy. Oňa institutyň ähli hünärlerinden düzülen 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda mugallym Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň döredilmeginiň ähmiýeti, ýurdumyzda suw diplomatiýasy ugrunda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy, şeýle hem bu täze okuw ýylynda geçiriljek okuw sapaklarynyň, geçiriljek çäreleriň meýilnamalarynyň mazmuny bilen giňişleýin tanyşdyrdy.
Talyplar üçin suw diplomatiýasy ugrundaky bu okuw sapagy örän täsirli boldy. Onda talyplar ýurdumyzyň suw diplomatiýasy babatynda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Aýsona RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby