16/05/2024
407
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA NOBATDAKY OKUW SAPAGY
2024-nji ýylyň 16-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlarynyň kandidaty, professor Italmaz Saparlyýew alyp bardy.
Bu okuw sapagy “Merkezi Aziýanyň suw gorlaryny ulanmakda Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň tejribesi” atly tema boýunça geçirildi. Professor I.Saparlyýew özüniň çykyşynda durnukly suw üpjünçiligini sebitiň ýurtlary üçin derwaýys meseleleriň hatarynda görkezip, suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek meselesiniň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmakda, beýleki degişli çäreler hem-de ýurtlaryň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmekde mümkinçilik berjek tehnologik çözgütleriň şu günki günde wajyp bolup durýandygyny belledi.
Sapagyň barşynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmak işine innowasion çözgütleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça dünýä tejribeleriniň ulanylyşyna giň orun berildi. Şeýle hem okuw sapagynda suwaryş ulgamy, suw serişdelerini tygşytlamak, onuň elýeterliligi we üpjünçiligi ýaly ugurlara aýratyn üns çekildi. Täsirli geçen sapakda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplar aldylar.
Mansur BERDINAZAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.