21/06/2024
460
SUW DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA MÖWSÜMLEÝIN OKUWLAR TAMAMLANDY
2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça 2023-2024-nji okuw ýylynyň II ýarymýyllygynyň jemleýji okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri, institutyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler Durnukly ösüş maksatlary çygrynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere dünýä bilelişiginiň toplumlaýyn çemeleşmegini, howanyň üýtgemeginiň ýaş nesle ýetirýän täsirini we bu meseläni çözmekde ýaşlaryň ornunyň möhümdigini bellediler.
Mälim bolşy ýaly, suw diplomatiýasy – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň diplomatiýanyň we daşary syýasatyň möhüm ugurlary boýunça bilimlerini artdyrmagyna ýakyndan ýardam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde degişli fakultatiw okuwlar ýokary derejede geçirildi. Bu okuwlar ýörite tassyklanan meýilnamalar esasynda alnyp barlyp, okuw sapaklaryna halkara guramalarynyň wekilleri, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary işjeň gatnaşyp, çykyş etdiler. Bu bolsa okuw merkeziniň diňleýjilerine suw diplomatiýasy boýunça ýöriteleşdirilen nazary bilimleri almaklyga hem-de geljekki diplomatlar hökmünde hünär endiklerini artdyrmaklyga giň şertleri döretdi.
Jemleýji okuw sapagynyň ahyrynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezinde “Suw diplomatiýasy” ugry boýunça möwsümleýin okuwlaryň tamamlanmagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara degişli Şahadatnamalar gowşuryldy.
Merjen DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme
hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.